Taryhy we dokumental filmler adama dürli asyrlary we ýurtlary, hadysalary we şahsyýetleri öwrenmek arkaly bilimlerini doldurmaga mümkinçilik berýär. Hiç kim kinoteatrlara itergi berip, haýsy filmiň ilkinji bolandygy hakda pikir etmeýär.
Kinonyň resmi senesiniň 1895-nji ýyldygyny köp adam bilýär, ýöne ilkinji filmleriň bu seneden birnäçe ýyl öň peýda bolandygyny hiç kim bilmeýär. Dünýädäki adamzat taryhynda ilkinji filmi 1888-nji ýylda surata düşüren Angliýada ýaşaýan fransuz Lui le Şazada boldy. Bu filme ,,Tegelek bagdaky sahnalar” diýlip at berildi we şol döwürde täze bir tehnologiýa – surat emulsiýasy bilen örtülen kagyz filmine ýazga almak arkaly döredildi. Film takmynan bäş metr kagyz, dowamlylygy bolsa bary-ýogy 1,66 sekunda deňdir.
Taryhdaky ilkinji resmi film 1895-nji ýylda Lumiere doganlar tarapyndan surata düşürilip köpçülige hödürlenen ,,Otlynyň La Ciotat wokzalyna gelmegi’’ diýen filmdir. Bu filmde giňişlik duýgusyny döreden otlynyň sagdan çepe geçip, uzakdan nähili peýda bolýandygy aýdyň görkezilýär.
Awgust Lui Mari tarapyndan esaslandyrylan, dowamlylygy 49 sekunt bolan bu film ,,Otlynyň gelmegi” ýa-da ,,Poçta otlusynyň gelmegi” ady bilen görkezilýär.
Bu film geň galdyryjy film bolmak bilen dünýä ýüzüne ylham berdi, netijede dünýädäki operatorlar beýleki stansiýalara otlularyň gelmegi bilen şuňa meňzeş filmler döredip başladylar. Mysal üçin, Georges Melies 1898-nji ýylda birbada iki film çykardy: ,,Otlynyň Huanwil wokzalyna gelmegi” we ,,Otlynyň Winsent wokzalyna gelmegi”. Kinonyň doglan gününe öwrülen resmi senäniň 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrydygyny bellemelidiris.
Abdykerim BEGENJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler