21-nji fewral – Halkara ene dili güni

Dil durmuşda adamlaryň parahatçylykly ýaşamagyny, biri-birleri bilen düşünişip bilmeklerini üpjün etmek üçin zerurdyr. Diller durnukly ösüşe we global şertleriň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklara tarap ösüşiň strategiki hereketlendirijileriň biri bolup hyzmat etýär. Häzirki wagtda dünýäde 6000 töweregi dil bar we olaryň 43 göteriminde gepleýänleriň sany barha azalýar. Bilim we jemgyýetçilik ulgamynda diňe müňden gowrak dil möhüm orny eýeleýär. Sanly tehnologiýalar ulgamynda bolsa ýüze golaý dil ulanylýar. Dünýäde her iki hepde-de bir dil ýitýär.

Ene diliniň ýaýramagyny öňe sürmek üçin alnyp barylýan işler diňe bir lingwistik dürlüligi we köp dilligi ösdürmekden ybarat bolman, eýsem dünýädäki medeni däp-dessurlaryň ähmiýetine düşünmek hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzda giňden ýaýratmakda örän wajyp hasaplanylýar. Jemgyýetiň dürli dilde gepleýändigine we şoňa görä-de medeni köpdürliliginiň bardygyna garamazdan, öz ene dilini hem-de şonuň esasynda medeniýetini, däp-dessurlaryny saklaýar.

Ähli milletler üçin bilimi ösdürmek we bilimli jemgyýeti döretmek ÝUNESKO-nyň işinde öňdäki hatarda durýar. 1999-njy ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda Halkara ene dili gününi (International Mother Language Day) bellemek baradaky karara gelindi. Bu halkara güni dil we medeni köpdürlüligi ösdürmek maksady bilen 2000-nji ýyldan bäri her ýyl 21-nji fewralda bellenilip geçilýär. Halkara guramalar köp dilliligi we lingwistik dürlüligi, şol sanda ýitip barýan dilleri dilleri gorap saklamaga goldaw berýär. Bu goldawyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2007-nji ýylyň 16-njy maýynda Bilim, Ylym we medeni gurama bolan ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda, 2005-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky 33-nji mejlisinde kabul eden kararyna laýyklykda, 2008-nji ýyl “Halkara diller ýyly” diýlip yglan edildi we durmuşa geçirmekde esasy edara hökmünde ÝUNESKO bellendi. Bu başlangyç diňe bir ene dil bilen baglanşykly meseleleri ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, dünýäniň dürli künjeklerinde köp dilli bolmak syýasatyny durmuşa geçirmek isleýän döwletler bilen hyzmatdaşlygy saklamaga gönükdirlendir. Diller ruhy, medeni mirasymyzy maddy we maddy däl görnüşlerinde gorap saklamak we ösdürmek üçin iň güýçli guraldyr.

.

Leýli ARAPOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok