Posly çüýleri nirede ulanyp bolar?

Poslan çüýler köplenç gerekmejek diýlip zyňylýar. Bu makalada olaryň peýdasy barada durup geçmegi makul bildik. Ine, posly çüýleri gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýän peýdasy.

Elbetde, her ýerde diýen ýaly poslan çüýlere duşmak bolýar. Belläp geçsek, posly çüýlere el degirmekden özüni oňaýsyz duýýan adamlar hem bar. Ýöne posly çüýler beýle peýdasyz däl. Olary poslanyndan soň hem peýdalanyp bolýar.

Eger öýlerde goýulýan otag gülleri reňki solup, janlylygyny ýitiren bolsa, posly çüýler olary gaýtadan janlanmagyna ýardam berýär. Çüýdäki pos bölejikleri ösümliklere kislorod berýär, şoňa görä-de ösümlik janlanmaga başlaýar we şeýlelikde ösümligiň ömri uzaýar.

Posly çüýden nähili peýdalanmaly?

– 4 ýa-da 6 sany posly çüý ýygnamaly. Plastiki çüýşäniň ýarysyna çenli suw bilen doldurmaly. Posly çüýleri plastik çüýşäniň içine atmaly we birnäçe wagtlap goýmaly. Suwuň reňki wagt geçdigiçe üýtgär. Çüýşäniň gapagyny gapmaly we birnäçe gezek güýçli çaýkamaly. Soňra ösümlikleriň üstüne we olaryň topragyna her gün az-azdan guýmaly. Gün geçdigiçe, ösümlikler öňküsinden has janly we ýagty görünmäge başlar.

Farhat DUSNIÝAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok