Ajaýyp eýýamyň janly ýodasy

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýörite Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly uly göwrümli geçiriljek çäräniň Türkmen Döwlet Ýörite Çeperçilik mekdebiniň ýaş ussat hünärmen suratkeşleriniň gatnaşmagyndaky toparlaýyn serginiň açylyşyna döredijilik işgärleriniň ählisi uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Türkmen Döwlet Ýörite Çeperçilik mekdebinde döredijilikli işläp, özlerini görkezen ýaş suratkeş mugallymlarymyzyň ýerine ýetirmegindäki, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýan we gözel tebigatymyzy wasp edýän döwrebap, “millilik äheňindäki” nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserleri surat ýoluna düşen ýaş zehinleriň döredijilik ýörelgesinde täze öwüşginli sahypany açýandyr. Sergimiziň merkezi ornuny Türkmen Döwlet Ýörite Çeperçilik mekdebiniň müdiri Myradowa Gunça mugallymyň döredijilik eserleri bezeýändir. Özüniň jogapkärçilikli wezipesi bilen bir hatarda döredijilik işini ussatlarça ýöredýän bu zenan suratkeşiň döredýän sungaty hükgeligine mähir, söýgi we muhabbet bilen gaplanandyr.

Gelin-gyzlaryň dünýäsine içgin aralaşyp, diňe bir daşky owadanlygy däl, eýsem olaryň ruhy gymmatlyklaryny, zenan keşbiniň gözelligini we näzikligini açmaga çemeleşýär. Suratkeş Myradowa Gunça mugallym saýlap alan kärine wepaly bolup, onuň ýazýan eserleriniň ählisinde hemmä mälim bolan aýratyn özboluşly “çeperçilik stiliniň” kemala gelmegi onuň irginsiz zähmetiniň netijesidir. Çünki suratkeşiň baş maksady çuňňur mazmunly, göwrümli eserleri döretmekdir. Gyz-gelinleriň keşbine ýüzlenmek bilen suratkeş enaýyja, tokarja gyz çagajygynyň oýnawaç oýnap oturan pursatyny uly höweslenme bilen suratlandyrýar. Solak mämişi reňklerden düzülen ýogyn “mazok” tegmilleriň çyrşalyp ýerine ýetiriliş usuly mugallymyň işlerini bir gezekde tanadýan esasy çeperçilik aýratynlygydyr. Indiki portretimizde bolsa, ol öz gyzyna bolan söýgüsini kendir ýüzüne geçirýär. Gyzjagazyň oý-pikire batyp oturan mylaýym-mähirli keşbini synlamak bolýar. Birneme tukat, gamgyn haly çagalyk döwrüniň up-yssy ýatlamalaryny göz eleginden geçirip gyzlyk dünýäsine aralaşýan kimin, kiçijek gyzyň sülmüräp oturan ýagdaýy uly gyza öwrülmegini çeper görkezýär. Suratkeş her-bir adamyň indiwidual keşbiniň üsti  bilen onuň içki dünýäsini, häsiýetini açmaga ymtylýar. Gunça mugallymyň täsin we özboluşly çeperçilik tälimi hindi lybasyna beslenen  tansçy hindi gyzynyň gözel syratynda hem mese-mälim duýulýar. Galyň, doýgun reňk gatlaklary bu nakgaşçylyk eserine gaýtalanmajak kämillik derejesini  berýär. Zenan döwrüniň ýaş aýratynlyklaryny we häsiýetli alamatlaryny ussatlyk bilen beýan eýlän suratkeşimiz Gunça Myradowanyň eserlerinde gadymy müsür sungatynyň “faýum” portretlerindäki gahrymanlar hamala täzeden janlanýan ýaly. Gunça mugallymyň döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Täze ýylyň beýik şygaryny göterýän bu ajaýyp sergide türkmen halkynyň buýsanjy bolan, ahalteke bedewleriniň şanyna bagyşlanan şahyrana eserleriň joşgunly owazy uzaklardan ýaň salýar. Türkmen bedewleriniň gözel syratyny çeper suratlandyran A.Baýramowyň işlerinde Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň asyllylygy, ýyndamlygy, gözelligi, owadan we syratly keşbi nakgaşçylyk teswirliginde özüniň aýdyň şöhlelenmesini tapýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny özüne ylham çeşmesi edinen we ondan ruhlanyp, A.Baýramow, S.Pürliýew dagylar merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä, eýe bolan türkmen bedewleriniň çeper keşbini döretmegiň hötdesinden gelýärler. Olaryň eserlerinde bedew çalasynlygyny, syratlygyny we mähirliligini şekillendirmek sungatynyň labyzly serişdeleri arkaly tomaşaçylaryň kalbyny maýyl edijlik howasy bilen gurşap alýar. Türkmen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä derejesinde hem örän ýokarda durýandyr.

Amaly-haşam sungatynyň iň ýokary çeperçilik tälimlerini ussatlarça ulanan Orazberdiýew Şazadanyň zergärçilik önümlerinde “millilik duýgusy” eriş-argaç bolup geçýändir.

Täze döwrebap ülňülere esaslanyp, gelin-gyzlarymyz üçin niýetlenen şaý-sepleriň täzeden işlenen görnüşlerini getirip görkezýär. Dünýäde iň owadan türkmen zenanlarynyň görküne gözellik çaýýan bu şaý-sepleriň haşam we nepis bejergisi, suratkeşiň ýokary çeperçilik ussatlygyndan habar berýär. Şeýle hem Orazberdiýew Şazada özüniň döredijiliginde bu gunki gün beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzda türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerini, edim-gylymlaryny dikeldip görkezýär.

Türkmenistanyň milli nyşanlary bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbini, her dürli täze gözlegleriň üsti bilen açyp görkezmäge çalyşýar. Häzirki zaman binagärçilik desgalarynyň şekilleri, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde bedewleriň gelşikli syraty sazlaşykly utgaşdyrylyp getirilýär.

Indiki gujurly zehinimiz bu biziň çeperçilik mekdebimizde işläp, özüni ökde hünärmen hökmünde tanadan ýaş suratkeş Garaýewa Enejanyň eserlerinde syrly zenan dünýäsiniň inçeden şahyrana duýgylaryny yzarlamak mümkindir. Ol hemişe ala-ýaz bolup duran, güneşli tebigatymyzyň hoşboý ysly owadan gülälekleriň şekilinde, ýiti, joşgunly gyzyl reňkine bat berýär. Enejanyň döredýän sungaty durşuna söýgi hem-de mähir bilen gurşalandyr. Onuň milli tebigatymyzy wasp edýän peýzažlary açyk, mylaýym reňk çözgüdi tomaşaçyny çagalyk döwrüniň önüp-ösen ýerlerine, mähriban obasyna göýä jadyly güýç bilen alyp göterýär. Zenan suratkeşi Garaýewa Enejanyň döredijiliginde natýurmort žanry aýratyn orun eýeleýändir. Uly ölçegli bu natýurmort işi millilik äheňleriniň däplerini özünde jemleýändir. Her dürli görnüşli küýze önümleriniň aýdyň we takyk göwrümleri ýagly boýaglar arkaly kendir ýüzüne geçirilendir we şol bir wagtyň özünde ýagty we kölegäni görkezýän öwüşginli reňk oýnunyň sazlaşygy bu taslamanyň görküne görk çaýýandyr.

Ýakynda dünýä inen “Joralar” atly eseriň bu ajaýyp serginiň diwarlaryny bezemek nesibesi bar eken. Milli geýnüwdäki köýnekleriniň nagyşlanyp inçeden bejerilen darajyk boýun ýakasy, öňüne atylan iki örüm saçlarynyň üsti bilen suratkeş diňe türkmen gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk we salyhatlylyk ýaly gylyk-häsiýetlerini açyp görkezýär. Baky bahar paslyny öňe sürýän Enejanyň bu işinde merkezi orunda üç sany joralaryň gözel syratlaryny ýerleşdirip, bahar paslynyň ýeňil şemalynyň öwsüp duran romantiki oýlanmalarynyň şahyrana pursatyny suratlandyrýar.

Çeperçilik mekdebimiziň halypa mugallymy A.Kinýakinyň grafiki işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Ol milli tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny, gülçemenli meýdanlaryny uly ruhlanma bilen suratlandyrýar. Suratkeşiň öz eserlerinde biziň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, adatlarymyzy millilik äheňinde täzeden dikeldip görkezýär.

Şeýle hem mekdebimiziň ýaş suratkeş mugallymlary Toýlyýewa Laçynyň ajaýyp miniatýura we Amangylyjowa Merjeniň nakgaşçylyk eserleri bilen sergimizi dowam etdirýärler.

Ýaş suratkeş hökmünde kemala gelen täze nesliň ýokary çeperçilik derejelere ýetmeklerini arzuwlap, olaryň döredijilikli we batyrgaý türkmen sungatyny ösdürmekde, mundan beýläk-de öz saldamly goşantlaryny goşarlar diýip umyt edýäris!

.

.

.

.

.

.

G.Gurbangeldiýewa,
TDÝÇM-niň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok