“Ýedidogan” haryt nyşany üçin halkara standart sertifikaty gowşuryldy

Türkmenistanda “Ýedidogan” haryt nyşany bilen öndürilýän iýmite zyýansyz kagyz gaplamalary ISO halkara standart guramasynyň ISO:9001 belgili sertifikatyny aldy.

ISO:9001 – sertifikaty guramanyň ýa-da edaranyň dolandyryş ulgamynyň işjepligine, adam resurslarynyň dolandyrmagyň halkara talaplaryň laýyklygyny kepillendirýän resminama bolup durýar.

2017-nji­ ýyl­da­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Se­na­gat­çy­lar ­we ­te­le­keçi­ler ­bir­leş­me­si­niň ag­za­sy ­Döw­ran­ Ab­dy­ra­su­low ­ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan ­kär­ha­na­da ­«Ýe­dido­gan»­ ha­ryt­ ny­şan­ly ­kraft ka­gyz­la­ryň ­gap­la­ma­ önüm­çi­li­gi ­al­nyp ­ba­ryl­ýar.­ Ahal ­we­la­ýaty­nyň ­Ak­bug­daý­ et­ra­by­nyň­ se­na­gat ­zo­la­gyn­da ­ýer­leş­ýän kär­ha­na­da­ Rus­si­ýa ­Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan ­çig­mal­ gör­nü­şin­de ge­ti­ril­ýän­ ka­gyz­lar­dan ­ýo­ka­ry ­hil­lili­gi ­bi­len­ ta­pa­wut­lan­ýan kraft­ hal­ta­lar, ­dürli­ gör­nüş­li ­we öl­çeg­li ­kraft­ tor­ba­lar,­ 7 ­görnüş­li ­iý­mit ­önüm­le­ri­ni ­we ­dürli ­sow­gat­lyk­la­ry gap­la­mak ­üçin is­le­ge ­gö­rä ­ke­si­lip ­be­ril­ýän ­ka­gyz­lar ­ön­dü­ril­ýär. ­

Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw ­Res­pub­li­ka­sy­nyň ­öň­de­ba­ry­jy ­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ­bilen ­aw­to­mat­laş­dy­ry­lan­ kär­ha­na­ do­ly ­güý­jün­de­ iş­le­di­len­de, ­sa­gat­da ­13 ­müň ­ka­gyz ­tor­ba çy­kar­ma­ga­ ukyp­ly­ bo­lup,­ 1 ­aýyň­ do­wa­myn­da ­2­ mil­li­on­dan ­gow­rak­ önüm­ ön­dü­ril­ýär. ­Kär­hana­da­ önüm­çi­lik ­mak­sa­dy­ bi­len ­üç­ sa­ny ­çig­mal­—­ka­gyz, ­ýe­lim,­ reňk­ peý­da­la­nyl­ýar. ­O­la­ryň adam­ sag­ly­gy­na ­zy­ýan­syz­ly­gy ­ba­ra­da ­kär­ha­na ­halkara ­ISO ­güwänamasy­ hem­ gow­şu­ryl­dy. «Ýe­di­do­gan» ­ha­ryt­ ny­şan­ly ­kraft­ ka­gyz­la­ry ­berk­li­gi, ­eko­lo­gi­ýa ­taý­dan­ aras­sa­ly­gy, ­tebi­ga­ta ­we ­adam sag­ly­gy­na ­zy­ýan­syz­ly­gy ­bi­len­ aý­ra­tyn­ ta­pa­wut­lan­ýar. ­Ka­gyz ­tor­ba­la­ryň iň­ ki­çi­si ­3 ­ki­log­ra­ma­ çen­li, ­iň ­ulu­sy ­bol­sa­ 12­ ki­log­ra­ma ­çenli ­agyr­lyk­da ­ýük­ göter­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir.

Üs­tü­miz­dä­ki ­ýy­lyň­ do­wa­myn­da­ «Ýe­di­do­gan» ­ha­ryt­ ny­şan­ly ­kraft ­ka­gyz­la­ry­ny gap­laýan­ kär­ha­na ­öz­ önüm­le­ri­ni ­daşary­ ýurtlara ­eks­port­ et­me­gi ­me­ýil­leş­dir­ýär.

Sona Halykowa,
“Rysgal” gazeti
TDIM-iň HGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok