YKDYSADY ÖSÜŞLERE BADALGA

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylynyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumyny dünýä ykdysadyýetiniň ugruna laýyklykda depginli ösýän we özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy.

Garaşsyzlygyň ilkinji ädimlerinden Türkmenistan maýa goýum syýasatyny işjeň alyp bardy. Netijede diňe daşary ýurt öndürijileriniň tehnikasy we tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan aýry-aýry has döwrebap kärhanalar däl, eýsem giden pudaklar emele geldi.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyz metallurgiýa, dag-magdan, nebit we gaz-himiýa, gämi gurluşygy, elektron senagaty ýaly milli ykdysadyýet üçin täze pudaklary döretmek ugrunda ilkinji ädimlerini ätdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýaş pudaklarynyň biri-de elektron senagatydyr. Ýurdumyzda öndürilýän kompýuterler, smart telewizorlar, smartfonlar, monobloklar, routerler, split-kondisionerler, LED-lampalaryň dürli görnüşleri onuň önümidir. Elektron önümleriň diňe içerki däl, eýsem, daşarky bazara-da niýetlenjek ilhalar görnüşlerini giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen telekeçileri ýurduň gurluşyk, söwda, hyzmat ulgamlarynda agdyklyk edip başladylar. Bu gün ýurtda köp sanly hususy maldarçylyk toplumlar, dokma önümlerini, hojalyk we kompýuter tehnikasyny, gurluşyk serişdelerini, polimer önümlerini öndürýän kärhanalar işleýärler. Döwrüň talabyna laýyklykda ýerli telekeçiler ulanylan plastiki, kagyzy, polietileni, rezini, agajy gaýtadan işleýän we olardan dürli önüm öndürýän kiçi önümçiligi döredýärler.

Eziz Diýarymyzda telekeçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin täze-täze mümkinçilikler döredilýär, maliýe goldawy, salgyt ulgamy kämilleşdirilýär. Munuň özi garaşsyzlyk eýýamynyň ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze bir hadysadyr.

Hajymuhammet GELDIMYRADOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok