Türkmenistan şu ýylyň 10 aýynda Gruziýa 54 mün 900 tonna uçar ýangyjyny eksport etdi

Ýurdumyz şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda uçar ýangyjynyň 54 mün 900 tonnasyny Gruziýa eksport edip, ol kawkaz ýurduna esasy ýangyç iberiji boldy. Bu barada Azerbaýjanyň “Report” agentligi habar berýär.

Umuman alanyňda şu ýylyň on aýynda Gruziýa 73,5 müň tonna uçar ýangyjyny import etdi. Şeýlelikde, önümiň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 54,7% ýokarlandy. Şeýlelikde, degişli döwürde Gruziýa uçar ýangyjyny eksport etmek boýunça Azerbaýjan ikinji orny, Italiýa bolsa üçünji orny eýeledi.

Gruziýada uçar ýangyjynyň importynyň ýokarlanmagynyň sebäbi ýurduň howa gatnawlarynyň dikeldilmegi bolup durýar. Bu degişli görkeziji ýakyn wagtda ýene-de ýokarlanar diýlip çaklanylýar.

Belläp geçsek, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Gruziýa benziniň we dizel ýangyjynyň 122,6 müň tonnasyny eksport etdi. Bu görkeziji Gruziýanyň benzin we dizel ýangyjynyň importynyň umumy möçberiniň 23%-ni eýeleýär.

Akmyrat AGAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok