Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz Türkmenistan daşary syýasatda parahatçylygy söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini durmuşa geçirmek bilen,  diňe bir milli bähbitlerini däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini-de goramaga çalyşýar.

         Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ata-babalarymyzyň arzuw-hyýallarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk ruhy we milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ynsanperwer däplerimiziň dikeldilmegine mümkinçilik berdi. Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistan», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitaplarynda has giňişleýin aýdyňlaşdyryldy. Bu kitaplarda Gahryman Arkadagymyz Durnukly ösüşe ýetmek üçin ýurdumyzda alnyp barylýan maksatlaýyn ösüşleriň netijesinde halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna seljerme berýär. Şeýle hem daşary ykdysady syýasaty kämilleşdirmegiň ýollaryny, ýurdumyzda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň öňde durýan maksatlaryny inçelik bilen kesgitleýär.

Halkyň durmuşynda uly yz goýan her bir sene mukaddeslik hökmünde  halkyň taryhyna girýär. 12-nji dekabr hem türkmen halkynyň durmuşynda täze bir ýol-ýörelgäniň jarçysy boldy. Bütin halkymyz ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly toýuny uly dabaralar bilen, şatlyk-şowhuna besläp belleýär.

Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup kalplarymyzy buýsançdan dolduryp dur. Ýurdumyzyň Bitaraplyk toýy örän ähmiýetli waka bolup, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli halklar bilen dostlukda hem agzybirlikde ýaşamak hakyndaky halkymyzyň asylly meýlini ýer ýüzüne jar edýär.

Bagtyýarguly AMANGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok