Bitaraplyk – türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşany.
Bitaraplyk ýörelgesi türkmen halkynyň taryhynda asyrlar boýy dowam edip gelýän özboluşly aýratynlykdyr. Halkymyz goňşularydyr beýleki halklar bilen ylalaşykly, arkalaşykly ýaşamagyň we bir-biregi goldamagyň, hemaýat bermegiň, dost doganlygyň, parahatçylygyň ýokary nusgasyny görkezýär.
Bitaraplyk — ynsanperwerlik.
Bitaraplyk — harby bileleşiklere goşulyşmazlyk.
Bitaraplyk — sebitde we dünýäde oňşuksyzlygyň aradan aýrylmagynyň tarapdary bolmak.
Bitaraplyk — ylalaşdyryjylyk merkezine öwrülmek ýoluny saýlamak.
Agzybirlik bilen parahat ýaşamak islegi türkmen halkynyň süňňüne siňen ýörelgedir. Bitewi, özbaşdak döwlet gurmak üçin hem bu meýilleriň ruhy-ahlaky esas bolandygy düşnükli hakykatdyr.
Geografik taýdan juda amatly ýerleşendigi Türkmenistany birwagt dünýäniň syýasy-ykdysady arenasyna çykarypdyr. Bu hakykata şaýatlyk edýän maglumatlar, gadymy ýazgylar, juda wajyp ýatlamalar taryh gatynda näçe diýseň bar. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän möhüm çatrykda ýerleşenligi üçin bu yklymlarda dürli döwürlerde, dürli ýagdaýlar sebäpli dörän dartgynly hem-de adaty syýasy wakalar, ykdysady-söwda hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer, ylmy-pelsepe gatnaşyklary Türkmenistandan hiç wagt üzňe bolmandyr.
Hytaý diwarlaryndan gaýdyp, Alynky Aziýany, soňra Ýewropany söwda ýoly arkaly birleşdiren, siwilizasiýalaryň birek-birege aralaşmagynda taryhy hyzmaty bitiren Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Görnüşi ýaly, taryh Bitaraplygymyzyň milli mentalitetini şekillendirýär.
Täzegül SAPAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler