Her bir zadyň öz taryhy bolşy ýaly pul hem öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan pul özüniň zerurlygyny ynsan oglana her daýym diýen ýaly görkezip durýar. Puluň jemgyýetdäki hatda bütin ýer şaryndaky orny diýseñ uludyr. Onsuz söwda we bazar gatnaşyklary amala aşyrmak döwleti ykdysadyýet tarapyndan ösdürmek asla mümkin däl. Häzirki wagtda ynsanlar puly belli bir zady ýagny, belli bir mukdary iñ esasy hem belli bir gymmaty bolan zatlary pul garşylygynda alyp bilýärler. Emma gadymyýetde bolsa bu edil beýle bolmandyr. Ynsanlar öz gerek zatlaryny almak üçin gerekmejek zatlarynyñ ululygyna-kiçiligine garaman bir-birleri bilen alyş-çalyş edipdirler. Soñabaka bu düzgün ynsanlaryñ durmuşyna täze bir kadanyñ gelmegini talap edip başlapdyr. Adamlar gymmatbaha ýagny, köp zähmet talap edýän zatlaryny arzan bahaly (elde añsat ýasap bolýan) zatlar bilen çalyşmak islemändirler. Eýýäm şu pikiriñ özi hem ynsan beýnisiniñ kämilleşip başlamagynyñ ýuwaş-ýuwaşdan bazar ykdysadyýetine geçmeginiñ aýdyñ nusgasy bolupdyr. Bu gatnaşyklaryñ ösmeginde we has hem kämilleşmeginde dörän patyşalyklaryň we Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti has uludyr. Puluñ ilkinji görnüşi Ýewropa alymlaryň çaklamaklaryna görä, Mesopotamiýada 5000 ýyl mundan ozal döräpdir diýip aýdylýar.
Amerikan alymlarynyň çaklamagyna görä, pul öz gözbaşyny has gadymyýetden ýagny, b.e.öñki 650-600 nji ýyllardan alyp gaýdýar diýip belleýärler. Ilki bilen gyzyl we kümüş pullar has irki döwürlerde Aziýanyñ gadymy şäherleri Lidiýa we Ioniyada döräp, olar esasan, ilki bilen esgerlere, rysarlara tölenip başlanypdyr. Ondan soñra bolsa öñki düzgün bolan alyş-çalyş eýýamy öz möwritini ýitirip zatlar gyzyl we kümüş pul arkaly hasaplanyp başlapdyr. Ilkinji walýutanyñ kim tarapyndan we nähili döränligi barada anyk maglumatlar heniz alymlar tarapyndan kesgitlenilmedi emma, çaklamalara görä, öñ Türkiýanyñ bir böleginde bolan şuwagt ýitip giden gadymy Lidiyanyñ patyşasy Alýattes tarapyndan döredilipdir diýen maglumatlar bar. Iñ gadymy teññeleriñ ýüzünde gygyryp duran ýolbarsyň şekilleri şekillendirilipdir. Soñra her ýurduñ öz patyşasy gyzyl teňňeleriň ýüzüne öz suratlaryny ýerleşdirip başlapdyrlar. Şeýlelik bilen, gyzyl teňňeler hem öz möwritini ýitirip olar 1661-nji ýylda banknotlara öwrülip başlaýar. Ilkinji kredit kartoçkalar bolsa 1946-nji ýylda banklara ornaşdyrylyp başlanýar. Şeýlelik bilen biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan iň ýönekeýje kagyz pullarymyz hem has kämil ýagdaýa gelmek üçin öz üstünden ençeme rewolýusiýa we ewalyusiýalary geçirýär. Häzirki döwürde adamzadyn nagt pullaryň aýlanyşygyny azaldyp, kartlaryň üsti bilen söwda-satlyk işlerini amala aşyrmagy hem ynsan durmuşynyň ýeñilleşdirilmeginiñ we howpsuz amala aşyrylmagynyň aýdyň nusgasydyr.
Hatija GELDIMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler