Sanly ulgam arkaly ZOOM platformasynda geçirilen VIII ykdysady forumda Türkmenistanyň we Russiýanyň uly işewür toparynyň wekilleri umumy taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Bu baradaky habary arzuw.news ýetirýär.
Saýtda habar berilmegine görä, Duşuşyga gatnaşyjylar senagat pudagyndaky türkmen we rus kärhanalarynyň maýa goýumlaryny we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynda özara hyzmatdaşlyk, gurluşyk materiallaryny öndürmek, logistika we sanly ulgam baradaky umumy taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumda häzirki global ýagdaýy göz öňünde tutup, maýa goýum taslamalaryna we iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar üçin analitiki syn diňlenildi. Şeýle hem, Türkmenistan bilen RF-nyň arasyndaky eksport we import amallaryny utgaşdyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak we Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna dokma önümleri bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň maddy-tehniki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen we rus işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, olaryň derwaýys meseleleri we geljegi barada pikir alyşyldy. Gurluşyk materiallarynyň öndürilmegine we jaýlaryň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Forumyň netijesinde hyzmatdaşlyk barada birnäçe ikitaraplaýyn şertnama gol çekildi.
ANNAÝEWA Enejan
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler