Berkarar döwletimizi bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň köpugurly häsiýeti we onuň düýp mazmuny durmuş meseleleriniň çözgüdine aýdyň gönükdirilendir.
Çeçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiz Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly gadam urup, hemmetaraplaýyn berkäp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda öňe sürlen ykdysady strategiýanyň çäklerinde milli we halkara ähmiýetli iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, innowasiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, dünýäniň iň kämil enjamlary oturdylan kuwwatly zawotlaryň, fabrikleriň gurulmagy, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, etraplarda, obalarda halkymyzyň parahat, bagtyýar, abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly itergi berdi we berýär.
Şanly Garaşzyzlygymyzyň 30 ýylynda ýurdumyzy köpugurly ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzda dürli görnüşli önümleriň öndürilişi barha artýar. Welaýatlarda gurlan senagat kärhanalary we toplumlary, oba hojalygynyň önümçilik binalary ykdysady ösüşiň uly geljeginiň bardygyndan habar berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan esasy oba hojalyk we senagat önümleri babatda özüni doly üpjün edýän hem-de taýýar önümleri dünýä bazarlaryna çykaryp bilýän döwlete öwrüldi.
Milli Liderimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan halkymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly-uly sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleriniň esasy maksady ýurdy döwrebaplaşdyrmakdan, halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuşynyň, abadançylygynyň ählitaraplaýyn kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda bina edilýän we ulanylmaga berilýän önümçilik kärhanalarynda ýaşlarymyzyň müňlerçesiniň täze iş orunlary bilen üpjün edilýändigini, zerur önümleriň ençeme görnüşleriniň öz ýurdumyzda öndürilýändigini, oba hojalygy we beýleki pudaklar üçin zerur dökünleri, himiýa önümlerini öz bazarlarymyzdan tapyp bolýandygyny indi biz buýsanç bilen aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gysga döwürde gözümiziň alnynda uly meýilnamalar durmuşa geçirildi we dowam etdirilýär.
Ýurdumyz Jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe JIÖ-iň adam başyna düşýän möçberi hem yzygiderli ýokarlanýar. Bütindünýa banky ýurdumyzyň ilatynyň adam başyna düşýän girdejileriniň derejesi boýunça ortadan ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna goşdy. Bu bolsa ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly yolbasçylygynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna ynamly goşulýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Dünýä hojalygynyň häzirki ösüş meýilleri milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde öz beýanyny tapýar.
Milli ykdysadyýetimiziň iň bir tiz depginli ösýän bölegi bolan hususy telekeçilige hemme taraplaýyn döwlet goldawyny bermek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçilik ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli önümçilik ulgamlaryna aýgytlaýjy orunlary barha ynamly eýeleýär we döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine öz netijeli goşandyny goşýar. Döwlet hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek bilen telekeçilik ulgamynyň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde nyrhlar önümçiligiň möçberini we düzümini, maddy akymlaryň hereketini, harytlaryň öndürilýän we ýerlenilýän möçberini, bularyň hemmesiniň netijesinde hem ilatyň durmuş hal ýagdaýynyň derejesini kesgitlemekde möhüm orny eýeleýär.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy, halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny has-da pugtalandyrýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň, taslamalaryň, ýetilen sepgitleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasy hem-de Garaşsyzlygyň beren erkinligi bar.
Bu ugurdaky işleriň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlaryny giňişleýin gurşap alandygyny bellemek mümkindir. Ykdysadyýetiň durnukly ösmeginde bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Şu hem bank ulgamyna, onuň işini kämilleşdirmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda ilata ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän täze hyzmatlary hödürlemek ýaly möhüm çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen. Bank ulgamyny kämilleşdirmek, maliýe-karz ulgamlarynyň işlerini döwrebaplaşdyrmak, wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleri çekmek, karz serişdelerini bermek, maýa goýumlary maliýeleşdirmek bank amallarynyň we hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatda ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Bu alnyp barylýan işleri has hem kämilleşdirmek, goýumçylaryň hem-de karz berijileriň bähbitlerini goramak üçin ýurdumyzyň banklarynyň esaslyk maýasynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän amallar we hyzmatlar öz gezeginde ykdysadyýetiň döwlete dahylly we dahylsyz pudaklaryny ösdürmeklige, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaklyga ýardam berýär. Innowasion tehnologiýalaryň günsaýyn ösýän zamanasynda ýerine ýetirilýän bank amallarynyň we hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, täze görnüşlerini tejribä ornaşdyrmak, hil taýdan kämil derejä çykarmak hem-de bank marketingiň ýörelgelerinden ugur almak bilen milli bank ulgamynyň öňünde goýulýan wezipeler öz derwaýyslygyny görkezýär. Sebäbi, häzirki döwürde “Innowasiýalar”, “Innowasion iş”, “Innowasion ykdysadyýet” adalgalary has giňden ulanylyp, olara dünýä ýüzünde örän uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine çykarmak, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy tassyklanyldy.
Sanly ykdysadyýetiň ylmy kesgitlemesi şundan ybaratdyr: – innowasion tehnologiýalarda elektron hyzmatlaryň guralyşyna we harytlaryň möçberine esaslanýan ykdysadyýetdir, ýagny sanly tehnologiýalary ulanýan ykdysady önümçilikdir. Ýurdumyzda ýörite ykdysady zolaklary döretmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmatly kagyzlaryň bazarynyň işini güýçlendirmek, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýyny yzygiderli artdyrmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.
Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini bank kartlary arkaly giňeltmek hem esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň bankara elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, ýagny ýurdumyzyň çäklerinde real wagtdaky gutarnykly tölegler ulgamyny saýlap almak, ornaşdyrmak we işe goýbermek, Türkmenistanyň kartly töleg ulgamyny halkara töleg ulgamlary bilen sazlaşykly hereket etmegi göz öňünde tutulýar. Bank kartlarynda hyzmatlaryň standart görnüşleri teklip edilip, onda elektron gapjyk wezipesi jemlenendir, bu bolsa nagt däl pul serişdelerini howpsuz ulanmakda, şeýle hem ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri geçirmekde has amatlydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda beýleki ählumumy maksatlara ýetmek bir tarapdan, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we ilatymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder, beýleki tarapdan bolsa, umumadamzat ähmiýetli köp meseleleri çözmek bilen bütin dünýäde ösüşe ýardam berer.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, “Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňünde dolulygyna ylmy esasa daýanýan önümçilikleri ýola goýmak, ýurdumyzyň senagat we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini gorap saklamak we ösdürmek arkaly milli ykdysady howpsuzlygynyň bähbitlerini öňe sürýän we dünýä bazarynda harytlaryň we hyzmatlaryň iň kämil nusgasyna bäs gelýän önümleri çykarmaga mümkinçilik berýän täze, has kämil maglumat tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we özleşdirmek wezipeleri goýulýar.
Maddy önümçilige innowasion tehnologiýalaryň we dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagy durmuşymyza oňyn täsirini ýetirýär. Hususan-da, zähmetiň bölünişi täze talaplarda özgerdilýär, mazmuny baýlaşdyrylýar. Bilimiň we maglumatlaryň uzak aralykdan berilmegi, bazar gatnaşyklarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, önümçilik çykdajylarynyň tygşytlanylmagy, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi jemgyýetiň ösüşine oňaýly täsirini ýetirýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady ösüş ulgamynda takyk, çuňňur oýlanyşykly hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir durnukly we yzygiderli ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine uýgunlaşmagy hem üpjün etdi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda beýleki ählumumy maksatlara ýetmek bir tarapdan, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder, beýleki tarapdan bolsa, umumadamzat ähmiýetli köp meseleleri çözmek bilen bütin dünýäde ösüşe ýardam berer.
Annasoltan Berdiýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty
Teswirler