Her ýylyň 16-njy oktýabry Bütindünýä çörek güni we aşpezler güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 2006-njy ýylda Halkara çörek bişirijiler birleşiginiň başlangyjy bilen döredildi. Bu senäniň saýlanmagy, 1945-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň, Azyk we Oba hojalygy guramasynyň döredilmegi bilen baglanyşykly. Bu gurama oba hojalygynyň ösüşi we önümçiligi meselelerini çözmek bilen meşgullanýar.
Dünýäde iň meşhur iýmitleriň biri, elbetde çörekdir. Çöregiň taryhy birnäçe müňýyllyklardan öz gözbaşyny alyp gaýdýar.
Ylmy barlaglara görä, ilkinji çörek önümleri takmynan 8 müň ýyl mundan ozal peýda bolupdyr. Ilkinji hamyrmaýa çöregi Müsürde taýýarlanýar. Şol döwür hem çörege örän uly hormat goýulýardy. Häzirki wagtda, çörek we çörek önümleri dünýäniň her ýurdunda uly mukaddeslige deňelýär. Çörek saçagyň görki hem-de, bezegi bolup durýar. Çörek hakdaky nakyllara ser salsak: “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözi ýokmydy” , “Ata çöregi-meýdan çöregi”, “Ogul çöregi- zyndan çöregi”, “Çörek berip çökerer, hörek berip kökerer”, “Çörekli oglan söýmäge ýagşy”ýaly türkmen nakyllaryndan görnüşi ýaly biziň halkymyzda hem çörek mukaddes hasaplanylýar.
Bütindünýä çörek gününde köp ýurtlarda dürli çörek önümleriniň sergileri, aşpez hünärmenleriniň festiwallary, şeýle hem mätäçlere çöregi mugt paýlamak we haýyr sahawat işleri alnyp barylýar. Bu baýramçylykda diňe bir çörek we çörek önümlerini taýýarlamak däl, eýsem çöregiň nähili peýda bolandygyny, taryhyny we däp-dessurlaryny, nämeden taýýarlanýandygy, nirede dörändigini, nähili bişirilişi hemmäniň ünsüni özüne çekip, şu baýramçylykda giňden öwrenilýär.
Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Teswirler