Halkara korporasiýalar üçin iň pes salgydyň möçberi kesgitlenildi

2023-nji ýyldan başlap, 130-dan gowrak ýurt halkara korporasiýalary üçin iň pes salgydyň möçberini kesgitlediler. Netijede, iň pes salgydyň möçberi 15 göterimden az bolmaz. Bu barada “BBC News” habar berýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň beren beýanatyna görä, täze kabul edilen düzgün bütin dünýä boýunça ýylda 150 milliard dollarlyk salgyt toplamaga mümkinçilik berer, netijede iň iri we baý halkara kompaniýalaryň girdejileriniň 125 milliard dollardan gowragy täzeden paýlanar. 2023-nji ýyldan başlap, halkara korporasiýalar işewürligi alyp barýan ähli ýerlerinde salgydyň adalatly paýyny tölärler.

Täze düzgün 135 sany döwlet we hukuk edaralary tarapyndan ylalaşyldy. Olara dünýäniň JIÖ-niň 90 göterimi degişlidir.

Azat KABULOW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň 
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok