Türkmen önümlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlara satmak üçin «Eksport giňişligi» dörediler

Ýurdumyzda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) bilelikdäki taslamasynyň we Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň «Ownuk telekeçilik üçin maslahat beriş maksatnamasynyň» çäginde türkmen kärhanalarynyň önümlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlara satmak üçin, «Eksport giňişligi» dörediler. Bu maksatnamanyň çäklerinde türkmen işewürlerine, halkara hünärmenlere şeýle hem ýerli geňeşçilere, eksport etmek bilen baglanyşykly maslahatlar berler.

Bu maksatnama, azyk önümlerini gaýtadan işleýjiler, alkogolsyz içgileri öndürijiler, himiki-hojalyk önümlerini, arassaçylyk serişdelerini we azyk önümleri üçin gaplaýyş serişdelerini öndürmek bilen meşgullanýan şereketler üçin-de peýdaly we bähbitli bolar.

Maksatnama gatnaşmak üçin saýlanjak 10 şereketiň işgärleri taýýarlyk döwründe gönüden-göni eksport işinde ugrukdyryjy maslahat alarlar. Kärhanalar hersinde bäş şereket bolan iki topara bölüner. Maksatnama gatnaşýan ilkinji bäş şereket 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabryna çenli saýlanar. Ikinji topara gatnaşjak kärhanalar bolsa 2022-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli kesgitlener. Bu ugrukdyryjy maksatnama,Türkmenistanda azyndan bir ýyl iş alyp barýan kärhanalar gatnaşyp bilerler.

Şirin SAHATOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok