“Dragon Oil” kompaniýasy nebit önümçiligini iki essä golaý artdyrar

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil” nebit-gaz kompaniýasy häzirki 160 müň barrele deň bolan nebit önümçiligini 2026-njy ýyla çenli gününe 300 müň barrele çenli ýokarlandyrmak strategiýasyny işläp düzdi. Bu barada kompaniýanyň direktory Ali Raşid Al Jarwan metbugat gullugynda eden çykyşynda belläp geçdi.

“Dragon Oil” kompaniýasy dünýädäki, birnäçe döwletlerde şol sanda ýurdumyzda hem täze mümkinçilikleri açmak arkaly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi maksat edinýär.

Kompaniýa geçen 2020-nji ýylda “COVID-19” pandemiýasy sebäpli kynçylyklara garamazdan oňyn netije gazandy. Pandemiýa döwründe kompaniýa umumy we iş bilen bagly çykdajylaryny 35% azaldandygyna garamazdan, hünärmenleriniň öz iş ýerlerinde saklanyp galmaklaryny üpjün etdi. Bulardan başga-da kompaniýa sanly çözgütleri hem-de täze energiýa innowasiýalaryny girizmekde öňdebaryjylaryň hatarynda bolmak bilen daşary ýurtdaky taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirip, maliýe durnuklylygyny saklamagy başardy.

Ýeri gelende belläp geçsek “Dragon Oil” Dubaý emirliginiň hökümetiniň doly eýeçiligindäki nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasydyr. Kompaniýa işiniň esasy bölegini ýurdumyzdaky Hazar deňzinde ýerleşýän “Çeleken” çäginde alyp barýar.

Dilafruz ABDURAHMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok