Milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty artýar

Hormatly Prezidentimiziň işläp düzen ykdysady strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde diňe bir şu günümiziň däl, eýsem, geljekde hem rowaçlyklarymyzy üpjün edýän, ýurdumyzyň dowamly özgermegine niýetlenilýän köptaraplaýyn ösüşleriň düýbi tutulýar. Ykdysady taýdan täze ýörelgeler we çemeleşmeler ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlaryň üpjünçiliginiň berkidilmegine gönükdirilýär. Netijede öndürilýän önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmagy göz öňünde tutýan sanawynyň örüsi barha giňeýär.

Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi içerki bazarda zerur bolan önümleriň artykmajyny daşarky bazarlarda hem ýerlemäge mümkinçilikleri döredýär. Önüm öndürijileriň täze bazarlary gözlemeklerine itergi berýän amatly şertler peýda bolýar. Içerki bazarlarymyzda önümleriň we harytlaryň artykmaç möçberleriniň emele gelmegi bilen daşarky bazarlara çykmak isleginiň ösjekdigi, elbetde, kanuny ýagdaý. Döwletimiziň ykdysady syýasatynda hem eksport edilýän önümleriň sanawyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleri özümizde öndürmek esasy ugur bolup durýar.

Eksportyň ösmegine döwlet kärhanalarynyň, şeýle hem hususyýetçileriň uly topary öz goşantlaryny goşýarlar. Welaýatymyzyň çägindäki nah ýüplük egriji kärhanalaryň önümleriniň uly topary her ýyl Angliýa, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe we başga-da onlarça döwletler tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýar. Diňe bir şu ýylyň başyndan bäri nah ýüplükleriň 11029 tonnasy, ýagny, 37547290 dollarlygy eksporta ugradyldy. Kaliý dökünlerini öndürmek boýunça eksport potensialyny ösdürmäge bolan mümkinçiliklerden has ýerlikli peýdalanylyp başlandy. Buýan köküniň we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty ösýär. Meselem, şu ýylyň başyndan bäri buýan köküniň gury ekstraktynyň 672 tonnasy, ýagny, 3783275 dollarlygy, guradylan arassalanylmadyk buýan köküniň we we kök baldaklarynyň 44 tonnasy, ýagny, 30502 dollarlygy daşary ýurtlar tarapyndan uly isleg bilen satyn alyndy. Eksporta iberilýän önümleriň sanawy artmak bilen. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşantdyr. Netijede bolsa il-ýurdumyzyň ösüş derejesi ýokarlanýar. Şu ýylyň dowamynda M500 görnüşli portland sementiniň 20063 tonnasy, ýagny, 1023349 dollarlygy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik çig ýagly turşulygynyň 972 tonnasy, ýagny, 395763 dollarlygy we önümleriň başga-da isleg bildirilýän dürli görnüşleri hem eksporta iberilýän önümleriň üstüni ýetirdi. Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ösmegine döwlete dahylly däl pudagyň wekilleri hem goşant goşýarlar. «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt» «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam» ýaly hususy kärhanalaryň önümleri daşary bazarlarda hem bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýär.

Milli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy bilen eksport ugurly önümleriň möçberi geljekde has artar. Şol bir wagtyň özünde bu önümleriň ýurdumyzyň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga bolan möçberleri hem üpjün edilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşlerine ýardam edýär. Geljekde biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň sany hem artar. Munuň üçin ýurdumyzyň çäginde eýýäm amatly howa, demirýol we beýleki ulag ýollarynyň ulgamy emele getirildi. «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» Türkmenistan Ýewropa — Ýuwaş ummany we Günorta — Gündogar Aziýa çäginde ykdysady ulgamlary baglanyşdyrýan halka hökmünde kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde halkara ulag kommunikasiýasynyň «altyn halkasyna» öwrülýän ägirt uly desgalaryň, demir ýollaryň, howa menzilleriniň, awtomobil ýollarynyň we köprüleriň ýeterlik möçberi döredildi. Ol ýene-de ösdürilýär. Diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde Türkmenabat, Kerki ýaly gadymy şäherlerde döwrebap halkara howa menzilleri gurlup, ulanylmaga berildi. Biziň welaýatymyzyň içinden daşarky döwletlere gatnaşyk açmaga mümkinçilik berýän üstaşyr ýollar hem geçýär. Bu üstaşyr ýollar amatly gatnaw şertleriniň barlygy bilen tapawutlanýar. Amyderýanyň üstünden gurlan kuwwatly köprüler dünýä derejesinde nusga alarlyklydyr. Şeýle amatlylyklar dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň geljekde has giňelmegini üpjün edýär.

Çaryýewa Agabeg,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok