Milli pulumyzyň gymmaty

Pul ykdysadyýetde iň möhüm, gerekli zatlaryň biridir. Ol harydyň alyş-çalyş  gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir. Puluň  peýda  bolmagy  bilen  harytlar  dünýäsi  iki  bölege  bölünipdir.  Onuň  bir böleginde ýönekeý harytlar, beýleki bir böleginde bolsa, pul harydy bolýar. Puluň kömegi bilen galan hemme harytlaryň gymmaty aňladylýar. Pul ählumumy isleg ödeýiş gymmaty hökmünde  çykyş  edýär.  Diýmek,  pul  bu  ählumumy  ekwiwalentlilik  wezipäni  ýerine ýetirýän aýratyn bir harytdyr.

Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, ýagny 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrdan başlap, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň mukaddes nyşany bolan Türkmen Milli pul birligi bolan manady, ýörite kanun esasynda töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde  dolanyşyga girizildi. Bu taryh üçin gysga möhletdigine garamazdan munuň özi uly taryhy wakadyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap milli manadymyzyň täze nusgasy dolanyşyga girizildi. Bu bolsa milli manadymyzyň abraýynyň, hümmetiniň artmagyna getirdi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetinde milli manadyň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nyrhlaryň emele gelşini ýönekeýleşdirmek we bazar gatnaşyklaryna uýgunlaşdyrmak, hasaplaşyklary geçirmegi, buhgalter we statistika hasabyny ýöretmegi ýönekeýleşdirmek, döwlet serişdelerini tygşytlamak hem-de milli puluň reformasynyň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli nusgasyny işläp düzmäge we ony üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik döretdi. Milli pulumyzyň hereket etmegi netijesinde ýurdumyzda ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün edýän nyrh, karz, salgyt, maliýe syýasaty işlenilip düzüldi we üstünlikli ýola goýuldy. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň öň ýanynda biziň ýurdumyzda  ilkinji gezek iki derejeli bank ulgamy emele geldi we Türkmenistanyň Merkezi bankyna  kanun esasynda puly dolanyşyga goýbermäge hem-de dolanyşykdan aýyrmaga hukuk berildi. Bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňünde manat bilen bagly täze wezipeleri – manadyň goraglylygyny, durnuklylygyny we hümmetliligini üpjün etmek wezipelerini goýdy. Hakykatdan-da, diňe ýokary goraglylygy, durnukly häsiýete eýe bolan, hümmetsizlenmek derejesi pes bolan pul birligi ykdysady ösüşe we  ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerine özüniň oňaýly täsirini ýetirmäge ukyplydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde yurdumyzda puluň esasy böleginiň nagt däl görnüşli dolanşygynyň üpjün edilmegi, banklar tarapyndan elektron plastik kartlaryň töleg serişdesi hökmünde ulanylmagy bu ulgamyň döwrebap ösüşini häsiýetlendirýär. 

Bazar gatnaşyklarynda täjirçilik banklarynyň edara görnüşli we şahsy taraplara, edara görnüşli tarapy döretmeýän telekeçilere, müşderilere nagt däl hasaplaşyklar boýunça hyzmatynyň ähmiýeti örän uludyr. Hyzmaty ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň maksady nagt pul dolanşygynyň mukdaryny kemeltmekden we geçirilýän hasaplaşyklary çaltlandyrmakdan, wagty tygşytlamakdan ybarat bolup durýar. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň ýola goýulmagy ugrunda bank edaralary tarapyndan zerur çäreleriň ählisi amala aşyrylýar. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny bank işine girizmek bank ulgamynyň uly we esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Sanly innowasiýalaryň ösen döwründe bank kartlary, internet bank we mobil bank hyzmatlary hem biziň durmuşymyza barha ornaşyp, şol hyzmatlardan bagtyýar raýatlarymyzyň elýeterli peýdalanmagyna şertler döredilýär.

Maýsa ANNAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok