10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat hem-de energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we paýtagtymyzyň häkimliginiň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Hasabat döwründe öndürilen önümleriň hem-de gurluşyk-senagat pudagynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,2 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda bellenilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124,9 göterim berjaý edildi.
Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 120,4 göterim berjaý edildi.
Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüşi 111 göterime, ony eksport etmegiň ösüşi bolsa 135,8 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni önümleri öndürmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 136,2 göterim berjaý etdi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 165,8 göterim derejede amal edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, geljek ýylda ýurdumyzda gurluşyk işleriniň möçberiniň düýpli artjakdygyny belledi hem-de gurluşyk senagatynyň ösdürilmegine, täze önümhanalaryň hem-de kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Gurluşyk toplumynyň zerurlyklaryny doly derejede üpjün etmek üçin ähli önümçilik düzümleriniň sazlaşykly işlemegini gazanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap şäherçeleriň, durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygy boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk we senagat pudaklaryna uly möçberde maýa goýumlarynyň çekilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri düýpli seljermegi tabşyrdy.
Şahymerdan Allaberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.
Teswirler