Türkmen gazyny Hytaýda 500 million adam ulanýar

Hytaý Halk Respublikasynyň statistikasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň iýulynda ýurt taryhda turbageçirijiden tebigy gazyň iň köp möçberini – 4,714 milliard kub metr ýa-da bir gije-gündizde 157 million kub metr gaz import etdi. Onuň agramly bölegi bolsa Türkmenistana degişlidir.

Türkmenistan 2009-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri (11 ýyldan gowrak) turbagçeriji arkaly Hytaýa tebigy gaz iberilýär. «Galkynyş» ýatagy arkaly häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasyna 40 milliard kub metr «mawy ýangyç» iberilýär. «Türkmengaz» Döwlet konserni bu işleri ýerine ýetirmäge Hytaýyň «СNPС» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy, onuň hyzmatlarynyň tölegi Hytaýa üç ýyl gaz ibermegiň hasabyna amala aşyrylar. Ozal baglaşylan ylalaşyklara görä, HHR-a 65 milliard kub metr gaz ugradylar. Geljekde Hytaýa 100 milliard kub metr gaz iberiler.

Aknabat ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok