«Balkanwelaýatazyk» önümçilik birleşiginde hasabat döwründe 1 müň 362 tonna azyklyk ýag taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Serdar şäherindäki «Balkanwelaýatazyk» önümçilik birleşiginde şu ýyly­ň geçen ýedi aýynda gaýtadan işlenen 7 müň 224 tonna golaý pagta çigidinden 1 müň 362 tonna ýokary hilli azyklyk ýag taýýarlanylyp, meýilnama 249 tonna barabar, ýagny artygy bilen berjaý edildi.

Kärhanada taýýarlanýan ýokary hilli et we süýt önümlerine bolan isleg hem barha artýar. Mu­ňa geçen hasabat döwründe ýaraşykly gaplara gaplanylyp, 223 tonna et we 279 tonna süýt önümleriniň söwda nokatlaryna ugradylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, ep-esli köpdür. Kärhanada ýanwar — iýul aýlarynda pagta çigidi gaýtadan işlenende galýan galyndylardan taýýarlanylýan ýokumly iýmleriň 6 müň 800 tonnadan gowragyny bolsa welaýatyň maldarlary uly isleg bilen satyn alýarlar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok