Türkmenistanyň durmuş işi boýunça mugallymlary we hünärmenleri ABŞ-ň Kolumbiýa Uniwersitetiniň okuw maslahatyna gatnaşýar

Aşgabat şäherinden we welaýatlardan 30-dan gowrak durmuş işi boýunça mugallymlar we hünärmenler ABŞ-niň Kolumbiýa uniwersitetiniň Durmuş işi boýunça mekdebiniň bilermenleriniň durmuş işinde hünär taýýarlygyny artdyrmak boýunça geçiren okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu okuw “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde geçirildi.  

Okuw maslahaty BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw jaýlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň  mugallymlary, şeýle hem, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri, durmuş işi boýunça hünärmenler we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri üçin gurnaldy.  

Onlaýn görnüşde geçirilen bu okuw maslahatynyň esasy maksady gatnaşyjylaryň durmuş işinde çagalar, maşgalalar we ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlary bilen geçirýän çärelerinde aragatnaşyk we jemgyýetçilik bilen işlemek boýunça hünär kamilligiklerini artdyrmakdan ybarat boldy.  

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar durmuş işini we durmuş hyzmatyny etmegiň etikasynyň ýörelgelerini hem-de diskriminasiýa garşy tejribeleri, şeýle hem durmuş işinde diňleme endiklerini we dilden däl bolan aragatnaşygyň usullaryny öwrendiler. Şeýle-de, olar durmuş hyzmatyny alyjylar we maksatlaýyn toparlar bilen işleşmegiň ýollaryny öwrendiler, hem-de durmuş işinde bahalandyrmak, durmuş işini meýilleşdirmek we durmuş hyzmatlaryny etmekde ulanylýan şahsy aragatnaşyk endiklerini kämilleşdirdiler.  

Mundan başga-da, okuw maslahatyna gatnaşyjylar durmuş işi bilen baglanyşykly halkara guramalaryň, ýagny Durmuş işi boýunça mekdepleriň halkara birleşiginiň (IASSW) we Durmuş işi boýunça hünärmenleriň halkara federasiýasynyň (IFSW) işi bilen tanyş boldular.   

Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň durmuş işi boýunça hünäriň ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ulgamyna girizmek we durmuş hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksanamanyň çaginde synagdan geçirilýän ýerli derejede hemmetaraplaýyn we ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň durnuklylygyny goldamak boýunça öz goşantlaryny goşmaklyklaryna garaşylýar.  

*** 

Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.  

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

.

Çeşmesi: BMG-niň Türkmenistandaky ofisi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok