Türkmenistan şu ýylyň alty aýynda daşary ýurtlara Russiýanyň üstaşyry 1 mln tonnadan gowrak nebit satdy. Birinji ýarym ýylda türkmen nebitiniň Russiýanyň üstaşyry eksporty 1,05 mln (iýun aýynda 239,85 müň) tonna barabar boldy. Bu barada”Interfaks” habar berýär.
Bu, daşary ýurt bazarlaryna Russiýanyň üstaşyry nebit çykarýan ýurtlaryň arasynda ikinji orun diýmegi aňladýar. Türkmenistanyň yzysüre 842,3 müň (iýun aýynda 141 müň) tonna we 498,55 müň (iýun aýynda 84,9 müň) tonna nebiti eksport eden Belorussiýa bilen Azerbaýjan gelýär.
Degişli maglumatlara görä, eksportuň başyny Gazagystan çekýär. Ol 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 6,73 mln (iýun aýynda 1,14 mln) tonna nebiti daşary ýurdtlara ugradypdyr. Gazagystan 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde Russiýanyň üsti bilen Ust-Luga portuna nebitiň üstaşyr daşalmagyny 1 million 700 mün tonnadan 1 million 900 müň tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Noworossiýsk arkaly nebitiň iberilmegini bolsa 2 million 300 müň tonnadan 1 million 800 müň tonna çenli azaltmagy göz öňünde tutýar.
“Interfaks” tarapyndan berilen maglumata görä, daşary ýurtlara Russiýa nebitiniň eksportynyň 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 104,06 mln tonna barabar bolandygyny habar berýär. Bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 12,1% azdyr.
Tumar AKMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler