Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň fewral aýynda “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” tassyklady. Orta möhlet üçin niýetlenen bu Konsepsiýa ýakyn ýyllar üçin döwletimiziň halkara işiniň mazmunyny, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de daşary ykdysady syýasatymyzyň esasy wezipelerini kesgitleýär. Şol wezipeleriň arasynda daşary ykdysady syýasat ugruna degişli bolan käbir bölümleri belläp geçmek zerurdyr. Ýagny bu Konsepsiýada halkara maliýe-ykdysady edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmek häzirki döwürde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna Türkmenistanyň üstünlikli goşulmagyny örän möhüm wezipe hasaplanylýar. Onuň bilen baglylykda, Bütindünýä banky, Halkarapul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky we beýleki iri maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaklyk göz öňünde tutulýar. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýakyn goňşularymyz bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmeklige uly orun berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň we köptaraply hyzmatdaşlyk etmeklik dowam etdirmeklik bellenildi. Mundan başga-da Ýewropa ýurtlary, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Latyn Amerikasy, Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlykalarynyň mümkinçilikleri we olary ösdürmekligiň geljekki ugurlary kesgitlenilýär.

Daşary ykdysady syýsatyň netijeliliginde halkara ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmeklik hem esasy orunlaryň birini eýelemek bilen halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hakynda “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiñ 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynda” şu aşakdakylar kesgitlenilýär:

  • bilelikdäki barlaghanalary, kärhanalary, taslamalary, maksatnamalary döretmeklik;
  • tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyñ halkara ulgamlary bilen aragatnaşygy guramaklyk;
  • daşary ýurtly alymlary, hünärmenleri çagyrmak, innowasiyalar we ýokary tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we innowasion telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmeklik;
  • tejribe alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin türkmen alymlaryny, aspirantlaryny, hünärmenlerini iş tejribeligini geçmek üçin, daşary ýurt merkezlerine, tehnoparklaryna ibermeklik;
  • halkara maslahatlaryna, seminarlaryna, sergilerine, ýarmarkalaryna gatnaşmaklyk;
  • ýurdumyzda halkara maslahatlaryny, seminarlaryny, sergilerini, ýarmarkalaryny geçirmeklik.

Şeýle hem Türkmenistanda ylym pudagyny ösdürmekde ylmy-tehnologiýa parklarynyň halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy halkara şertnamalary esasynda amala aşyrylmak bilen, esasy şu aşakdaky ugurlar kesgitlenilendir, ýagny:

  • bir tarapyň beýleki tarap bilen özara esasda ylmy-tehnologiýa parklaryny peýdalanmak;
  • bilelikdäki ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek;
  • bilelikdäki ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmekde we ösdürmekde maddy-tehniki, maliýe hem-de guramaçylyk goldawyny bermek;
  • ylmy-tehnologiýa parklary döredilen mahalynda beýleki tarapyň tejribesini peýdalanmak;
  • innowasiýalar babatda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, innowasiýa tehnologiýalaryny we beýleki innowasiýalary özara bähbitli esasda alyş-çalyş etmek;
  • Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa parklarynyň halkara innowasiýa maksatnamalaryna (taslamalaryna) gatnaşmagy;
  • Türkmenistanyň alymlary we oýlap tapyjylary tarapyndan döredilen tehnologiýalara hem-de oýlap tapmalara ygtyýarnamalary halkara bazarlarynda ýerlemek;
  • daşary ýurt alymlaryny we hünärmenlerini olaryň innowasiýa işiniň ugurlaryna laýyklykda Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa parklarynda işletmek üçin çekmek;
  • Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa parklarynyň işgärlerini hünär derejelerini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin innowasiýa ugurly daşary ýurt guramalaryna ibermek.

               Türkmenistanyñ Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiñ Maksatnamasynda dünýä ykdysadyýetiniň üýtgeýän we ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek boýunça strategik wezipeleriň çözülýän şertlerinde Türkmenistanda amatly işewürlik ýagdaýyny döretmek boýunça işjeň çärleriň görülip, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň binýadynyň berkidiljekdigi bellenilýär. Häzirki wagtda bu çäreleriň netijesinde ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlary has-da köp çekilip we işewürlik barha ösdürilip, ykdysadyýetimiz has-da ýokary derejelere ýetirilýär. Ýurdumyzda durnukly maliýe ulgamynyň we ygtybarly hukuk binýadynyň has-da kämilleşdirilmegi hem telekeçiligi ösdürmeklikde möhüm orun tutýar. Bu işleriň barha güýçlendirilmegi netijesinde bolsa, geljekde döwlete dahylsyz bölek ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolup, ol 2025-nji ýyla çenli ýangyç-energetika pudagyny hasaba almazdan, JIÖ-däki paýy 73,2 göterimden gowrak bolar diýlip çaklanylýar.

Ýazmyrat Ballaýew
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok