Garagumda täze gaz geçirijisi çekilýär

“Türkmengündogarnebitgurluşyk” trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň 8-nji gurluşyk gurnama meýdançasynyň hünärmenleri garagumda täze gaz geçirijisini gurýarlar. «Merkezi Garagum — Zäkli — Derweze» gaz kondensatly käninde gaz geçirijileri çekmek, ozaldan barlarynyň durklaryny täzelemek işleri uly depginde alnyp barylýar. Bu baradaky habary jeyhun.news habar saýty belläp geçýär.

Ýokarda agzalan hünärmenler, ozal «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde gurluşyk işleriň uly toplumyny berjaý etdiler. Mundan başga-da «Döwletabat — Derýalyk» ýokary basyşly gaz geçirijisiniň bir şahasynyň 60 kilometre barabar böleginiň durkuny täzelemäge hem gatnaşdylar.

Häzirki wagtda Nebit we Gaz toplumynyň işgärleri bu toplumlaryň öndürijiligni ýokarlandyrmak ugrunda zähmet çekýärler. Şeýlelik bilen, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň bäş aýynda ýokary zähmet görkezijilerini gazandylar. 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda tebigy gazyň önümçiligi 5,1 mlrd kub metre barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 140%-e deň boldy.

GELDIÝEWA Maral
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok