Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini artýar

Eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kuwwatly ykdysadyýeti emele getirmek babatda alnyp barylýan işleriň esasy maksady raýatlarymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilendir. Bu ugurda ykdysady ulgamyň möhüm görkezijisi bolan jemi içerki önümiň möçberini has artdyrmak boýunça netijeli işleri ýola goýmak zerurdyr. Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 2020-nji ýylda ösüş depgini 5,9 göterime deň bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm 4,1 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haky 10,4 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynyň çäginde maýa goýumlaryny özleşdirmek 121,4 göterim ýerine ýetirildi. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi hem 6,8 göterim artdy. Şunuň bilen birlik-de, aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary hem öz wagtynda doly möçberde maliýeleşdirilýär. Ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen döwür bilen deňeşdirilende 3,1 göterim köpeldi. Ýurdumyzda maliýe ulgamyny has-da kämilleşdirmek, dünýä döwletleri bile bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek kuwwatly ykdysadyýeti emele getirmekde esasy gural bolup hyzmat edýär. Önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi 33,5 göterim artdy. Senagat toplumynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýä ýüzünde ilkinji zawodyň hem ýurdumyzda gurlup, onuň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem-de “Ekologiýa taýdan arassa” diýlen halkara güwänamalaryna mynasyp bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda ýokary depginli, netijeli, ekologiýa taýdan arassa döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän önümçiligi ýola goýmak, ony ylmy esasda ösdürmek üstünlikli dowam etdirilýär. Şular bilen baglylykda gurluşyk-senagat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 131,6 göterime, ösüş bolsa 102,4 göterime barabar boldy. Söwda dolanyşygynda hem öndürilen önümleriň ösüşi 111,5 göterime deň boldy. Milli ykdysadyýetiň maliýe görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy döwletimiziň senagat pudaklarynyň çalt depginler bilen ösmegine hem-de jemi içerki önümiň ösüşini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Maýsa Annaýewa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok