Ýurdumyzda alnyp barylýan maýa goýum syýasaty

Bagtyýar döwrümizde Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy gysga döwrüň içinde kemala getirildi. Bu ugurda uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ykdysadyýetiň pudaklaýyn gurluşy barha kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalary netijeli ulanyp, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlaşdyrmak, innowasion önümçilik düzümini döretmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek esasy wezipedir. Şol sanda maýa goýum işini has işjeňleşdirmek babatda hem öňegidişlikler gazanylýar. Kuwwatly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolan maýa goýum syýasatynyň ýokary derejede döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmegi ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna, amatly ýaşaýyş şertleriniň emele gelmegine ýardam edýär. Maýa goýum işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi möhüm şert bolup, bu ugurda maýa goýum syýasatyny, telekeçiligi ösdürmäge esas döredýän kanunçylyk namalary hereket edýär. Diýarymyzda şeýle işleriň gerimi has giňeýär, daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumyň möçberi-de ýylsaýyn artýar. Milli we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna maliýe serişdelerine özleşdirmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde maýa goýum syýasaty ýurduň ýokary depginli ykdysady ösüşine täsir etmek bilen, alnyp barylýan işler ilatyň bolelin durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara oňşukly, dostana gatnaşyklaryna esaslanýan “Açyk gapylar” syýasaty hem maýa goýum taslamasyny ýola goýmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa daşary ýurtlaryň döwletimiz bilen dürli ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmäge bolan islegini artdyrýar. Söwda ulgamynda hem importyň mukdaryny azaldyp, eksportyň mukdaryny artdyrmak hem-de eksportyň düzümindäki önümleriň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny güýçlendirmek kuwwatly ykdysadyýetiň kemala gelmegine şert döredýär.

Döwletimizde ykdysadyýeti has-da döwrebaplaşdyrmak bilen bagly üstünlikler, gazanylýan oňyn görkezijiler dünýäniň ykdysady ulgamyna sazlaşykly goşulmakda ähmiýetli ýagdaýdyr. Alnyp barylýan iri gurluşyklar, durmuşa geçirilýän taslamalar geljekde ykdysadyýetiň ösen hil düzümini we ýokary derejesini emele getirmäge itergi berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti maýa goýum kuwwatyny peýdalanyp döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen üstünlikli diwersifikasiýalaşýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ykdysady özgertmeleriniň döwür bilen aýakdaş ösýändigini äşgär edýär. Alnyp barylýan ägirt uly işler bolsa mähriban halkymyzy täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýar.

Döwletimizde maýa goýum syýasatyny has işjeňleşdirmek, kuwwatly ykdysadyýeti emele getirmek, ony döwrebaplaşdyrmak babatda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jahan SÖÝÜNOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok