Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin şertleri döredýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini üpjün edýär. «Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýar. Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýar. Çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň bu sözleri sanly ulgama geçmegiň özboluşly ähmiýetini ýene bir ýola subut edýär.
Sanly ulgamyň mümkinçiliklerine doly eýe bolmak üçin ählitaraplaýyn taýýarlykly hünärmenler zerur bolup durýar. Çünki geljekde ýurdumyzy syýasy-ykdysady, medeni, saglygy goraýyş, bilim we beýleki pudaklar babatda ösüşlere alyp gitjek ýaş hünärmenlerimiziň dünýäniň tehnologiki ösüşleriniň iň täze gazananlaryndan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi möhümdir. Bu günki gün ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ornaşdyrylmagy bolsa şu maksat bilen baglydyr.
Sanly ulgama geçmek bilen ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ýörite hyzmatlar ulgamlary hem döredildi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, raýatlar islendik harytlaryny we medeni-durmuş hyzmatlary üçin mobil tölegi sanly tehnologiýalar arkaly, ykjam telefonlaryň üsti bilen amala aşyryp bilýärler. Häzirki wagtda ildeşlerimiz sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Demir ýol we howa gatnawlarynyň peteklerini internetiň üsti bilen sargyt edýärler. Bank hyzmatlaryny onlaýn görnüşde amala aşyrýarlar. Raýatlar we telekeçiler internet arkaly dürli harytlary ujypsyzja wagtyň içinde satyn almak we satmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Şeýle sanly hyzmatlar barha köpelýär. Munuň özi ilatymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Amantäç ANNAGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler