Magtymguly Pyragy — mähriban topragymyzyň hakyky watançysy, türkmenleriň ençeme nesilleriniň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny aýdyň beýan ediji şahyr. Ol tutuş dünýä okyjylarynyň ünsüni çekmegi başardy. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratynam, akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi.
Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýä tanatmak maksady bilen akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny döretmek maksat edinilýär. Bu bolsa dana şahyra goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýip belleýär.
Magtymgulynyň ajaýyp keşbi mertligi, batyrlygy, ynsanperwerligi bu günki günde wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde halkyň hakydasyna siňipdir.
Akmaral BAÝNAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler