2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Orşanskiý lukmançylyk kollejinde Türkmenistanyň we Belorussiýanyň döredijiligine şeýle-de el işlerine bagyşlanan sergi gurnaldy. Bu sergi “Güýç bitewilikde, bitewilik-parahatçylykda” diýlip atlandyrylan sebit ýaşlar forum-festiwalynyň çäginde gurnaldy.
Belarus kollejinde bilim alýan türkmen talyplary türkmen milli egin-eşiklerini, sungat önümlerimizi, milli äheňde ýasalan sowgatlyk önümlerini, Türkmenistanyň taryhyna we medeniýetine degişli işleri sergä çykardylar.
Şeýle-de watandaş talyplarymyz sergä gatnaşanlara türkmen däp-dessurlary barada gürrüň berdiler. Milli tanslarymyzy we aýdymlarymyzy ýerine ýetirdiler. Belarussiýada okaýan döwründäki duýgularyny paýlaşdylar. Bu barada turkmenportal habarlar saýty habar berýär.
Selbi MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby.
Teswirler