Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly okuw sapagyň nobatdaky sany geçirildi. Oňa institutyň şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň meýletinçi talyplary gatnaşdylar.
“Ýaşlarda adamkärçilik, rehim-şepagatlylyk, halkara ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemekde meýletin, birek-birege kömek bermek, haýyr-sahawatlylyk we ýoldaşlaryňy goldamak ýaly duýgulary we meýletinçilik hereketlerini ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleriň ähmiýeti” ady bilen geçirilen bu okuw sapagyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary alyp bardylar. Sapagyň dowamynda mugallymlar ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda birek-birege kömek bermek, olaryň aňynda ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirmek ugrunda wagyz-nesihat işleriniň ähmiýetiniň uly bolup durýandygy barada çykyş etdiler.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler