17-nji martda, Paýtagtymyz Aşgabatda senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu sergi birleşmäniň döredilen günine bagyşlanyp geçirilýär.
Milli Liderimiz, bu sergä we maslahata gatnaşyjylara öz Gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy açylyş dabarasyna gatnaşan hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan uly üns bilen diňlenildi.
Bu sergide ýurdumuzyň hususy pudagyň wekilleriniň 190-dan gowragyny öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürledi. 26 müňe golaý telekeçini birleşdirýän bu iri düzümiň sergisi 2 gün, ýagny 17-18 mart aralygynda dowam eder. Serginiň 2-nji gününiň dowamynda bolsa “Ýylyň iň gowy telekeçisi” atly bäsleşigiň bolsa jemleri jemlener.
Akyýewa Gunça
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler