“Türkmenistanyň nebit we gazy – 2021” (OGT – 2021) halkara maýa goýum forumy maý aýynyň 12 we 13-i günleri Aşgabatda geçiriler. Bu halkara forum Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzda nebit we gaz pudagyna maýa goýumlary çekmek üçin geçiriler. Bu barada çäräni gurnaýjylaryň web sahypasynda habar berilýär.
Web sahypada habar berilmegine görä, bu halkara forumy “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan “Türkmen forum” we “GaffneyCline” (Beýik Britaniýa) kompaniýalar topary bilen bilen bilelikde gurnalar.
Bu möhüm çärede, ýangyç we energetika pudagyndanyň ösüşündäki global we sebitleýin öňe gidişlikler, TOPH gaz geçirijisiniň gurlşugy we sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek halkara forumyň esasy temalary bolup durýar.
Foruma Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem iri halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem, bu halkara forumy adaty we onlaýn görnüşinde geçiriler.
Güljemal ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby.
Teswirler