Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlap, Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy” söwda merkezinde söwda-ýarmarka nokatlary gurnaldy.
Bu ýerde türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk önümlerini bazara çykardy.
Telekeçi Döwlet Garrybaýew hem bu gezekki ýarmarka gatnaşyp, ol öz öndürýän ary bal önümlerini bilen tanyşdyrdy. “Biz birnäçe ýyl bäri sarpedijileriň ary baly islegini kanagatlandyrmak üçin zähmet çekýäris. Saglyk üçin däri-derman niýetine-de sarp edip boljak bu tebigy iýmiti halka el ýeter bahadan hödürlemek, biz baş maksadymyz. Ary baly her öýde bolmaly. Sebäbi süýjilik giren ojaga şatlyk, gülki hem bile girýär. Çagalar begenýär, maşgala agzalarynyň ýüzi gülýär. Öýlere şatlyk-gülki paýlaýarys. Bu bolsa bizi has hem höweslendirýär.”
Söwda-ýarmarka Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda geçirildi.
Teswirler