Geň galdyryjy täsin ýerler

Adamlar Ýer şarynyň ähli ýerlerine ýaýramagyna garamazdan heniz olaryň mekan tutup ýetişmedik ýerleri hem bar. Belki bu ýerlere birwagtlar adam aýagy basandyr, şu wagt hem käýarym syýahatçylar bu gözellikleri synlamak üçin uzak ýollary geçip, kynçylyklara döz gelip, bu ýerleriň käbirini görmäge gelýärler. Ýöne siwilizasiýanyň (medeniýetiň) planetamyzyň bu künjeklerine gelmändigini we häzirki wagtda bu ýerleriň ilatsyzdygyny aýdyň görmek bolýar.

GANGKHAR PUENSUM. Adam aýagy basmadyk bu belentlikleriň iň beýigi 7570 metr beýikligi bolan bu belentlik Butan bilen Hytaýyň arasyndaky jedelli ýerde ýerleşendir.

TEPUI, WEIMESUELA. “Tepui” sözi Gran Sabana etrabynda ýerleşen indeýleriň dilinde “Hudaýlaryň öýi” diýmegi aňladýar.

SINGI-DE-BEMARAHA. MADAGASGARDAKY “ DAŞ TOKAÝY”. Bu gaýa çykytlary we kanonlar çuňlukda ýerleşen dar gowaklar görnüşinde millionlarça ýyllaryň dowamynda emele gelipdir. Musson ýagyşlary hek daşyny we hek çökündileriň gatlaklaryny onlarça metr köwüpdir, tebigy köprüleri we kert gaýalary, 120 metre çenli çuňlukdaky jülgeleri emele getiripdir.

KERGELEIM ARHIPELAGY. Hindi ummanynyň günortasynda ýerleşýär. Materikden uzakdadygy sebäpli arhipelaga “ýalňyz adalar” ady beripdirler. Bu ýere uçarly gelmek mümkin däl. Bu ýere gelmegiň ýeke-täk ýoly Madagasgaryň golaýynda ýerleşen Reniýon adasyndan ugraýan gämidir.

ATOLL PALMIRA. Ýuwaş ummanyň ekwator zonasyna golaý ýerde, Gawaý adalarynyň günortasynda ýerleşen bu ada rowaýata görä, jadyly (örän güýçli) energiýa eýedir.

Şagül NAZARGULYÝEWA,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň
7-nji orta mekdebiniň himiýa-biologiýa mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok