500 tonna alma hasyly ýygnaldy

Güneşli diýarymyzda türkmen telekeçileri, birnäçe  gök bakja we  miweleri ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýarlar.
Şeýle kärhanalaryň biri hem “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy bolup durýar. Bu kärhana şu ýyl 40 gektar ýerden 500 tonnadan gowrak alma hasylyny ýygnady.

Kärhana, 2017-nji ýylda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde 300 gektara golaý ýeri bölüp berildi. Bölünip berlen ýeriň 40 gektaynar alma, 40 gektaryna üzüm, 5 gektaryna bolsa dürli miweli baglary ekdi. Ýerli görnüşlerden başgada, Türkiýe we Özbegistandan getirilen nahallar oturdyldy.

Häzirki wagtda kärhana bölünip berlen ýerde 2,5 müň düýp alma agajy bar. Ýörite usulda ideg edilen bu agaçlaryň her biri ýylda 30-40 kilograma çenli miwe berýär. Geljekde bu kärhana döredilýän mümkinçiliklere jogap edip has-da gowy netijeleri bermekligi göz öňünde tutýar.

Ogulsuraý GÖDEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ buhgalter hasaby we audit kafedrasynyň müdüri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok