Ulag diplomatiýasynda okuw sapagy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkezinde 2020-nji ýylyň 16-nji oktýabrynda Ulag diplomatiýasy ugry boýunça gurnalýan fakultatiw okuwlarynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Gatnatmalar we logistika müdirliginiň başlygy Hudaýberdiýew Allaguly tassyklanan okuw meýilnamasynda bellenilen «Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň ösüşi» atly tema boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapaklarynda Hormatly Prezidentimiziň dünýäni bitewileşdirýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekdäki başlangyçlary, ýagny “Demirgazyk — Gunorta”, “Gündogar — Günbatar” ugurlary boýunça ulaglaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeltmek ugrundaky alnyp barylýan işlerde halkara hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitler barda giňişleýin beýan edilildi. Şeýle-de, Hormatly Prezidentiniň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ulag-üstaşyr geçelgelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda tutýan orny barada giňişleýin bellenilip geçilýar. Hormatly Prezidentimiziň ulag babatda möhüm halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda BMG-niň çäklerinde işjeňligiň dowamy hökmünde ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmekligi teklip edildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda adatdan daşary ýagdaýlar döwründe, durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün edýän täze halkara-hukuk guralyny döretmekligiň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny göz öňünde tutup, şol mejlisde ýörite Kararnamanyň taslamasynyň hödürlenendigini bellemek bolar.

Eziz ARAZOW,
Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok