ALTYN GÜÝZE ŞAN GETIREN SENÄM SEN!

Altyn güýzüň süýjän günlerinde edermen babadaýhanlarymyz ýylboýy çeken zähmetiniň miwesini görýär. Maňlaý derini siňdirip ýetişdiren ekinlerinden bol hasyl ýygnaýar. Sahawatly türkmen topragynyň baldan datly gök-bakja önümleri, ir-iýmişleri saçaklarymyzy bezeýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlanan güýzlik bugdaýyň ekişi, pagta hasylyny ýygnap Watan harmanyna tabşyrmak işi ulydan tutulyp, gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu günki gün berekediň, bagtyň mukamy çalnyp, mähriban ýurdymyzda toý toýlanýar. Şeýle bereketli, rysgal-döwletli zamanada ýaşaýan halkymyzyň ýüregi diňe «Watan» diýip urýar. Eýsem, mundan uly bagt bolup bilermi?!

Ynsan göwni hemişe belentden belende galmagy, kämillige, ösüşe ýetmegi küýseýär. Şol ýetilen ösüşler bolsa ynsan ömrüni nurlandyrýar.1991-nji ýylyň güýz paslynda eziz Watanymyz ösüşlere, belent sepgitlere tarap ilkinji ädimini ätdi. Ykballara nur çaýan, köňülleri galkyndyran ýurt Garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny gazandy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzda durmuşyň ähli ulgamlarynda ösüşler gazanylyp, belentden belent sepgitlere ýetildi. Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Edil bu gün bolsa şol nurly Günüň doganyna 29 ýyl dolýar. Geçen döwür taryhyň ölçegi bilen alnanda örän gysga wagtdygyna garamazdan beýik işler bitirildi. Gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň aňyrsynda bolsa, halkymyzy asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşatmak beýik wezipe dur. Bu bagtyýarlygy, eşreti halkymyz her bir ädimde duýýar.

Gahryman Arkadagymyzyň sahawatyndan, Garaşsyzlygymyzyň beren bagt nuryndan zähmet joşýar, köňüllere ylham dolýar, ömürlere ömür goşulýar. Topraga sepilen her bir däne müň bolup yzyna gaýdyp gelýär. Şeýle bolansoň, daýhanlarymyz ekinlerinden ýyl geçdigiçe bol hasyl alýarlar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň edermen gallaçylary Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygyna toý sowgady hökmünde 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaý hasylyny ýygnap, Watan harmanyna tabşyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl almaklary üçin täze, döwrebap tehnikalary satyn alnyp, oba hojalyk ulgamyna çekildi. Garaşsyzlygymyzyň oba hojalygyny özgertmekde eçilen peşgeşlerine ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen kärendesine berilmegini, suw, dökün, tohum bilen ýeňillikli bahadan üpjün edilmegini mysal getirip bileris.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny dikeltmäge, ruhy taýdan galkyndyrmaga gönükdirilen işler bu günki gün öz miwelerini berdi. Mähriban Diýarymyzda milli gymmatlyklarymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň, türkmen alabaýynyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Bu babatda ýurdumyzda birnäçe işler durmuşa geçirildi.

Şu pursatda Milli Liderimizi, bagtyýar halkymyzy ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

Humaý ÇARYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok