Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyryş we harby gullukdan boşatmak baradaky Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Permana laýyklykda:
— 2020-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmaly,
— 2020-nji ýylyň oktýabr-dekabr aralygynda çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşmöhletini yza süýşürmek hukugyny ýitirenuly ýaşly erkek raýatlary harby gulluga çagyrmaly.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 722-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrine, Türkmenistanyň Içeri işler ministrine, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Şeýle-de okaň:
Harby gulluk borjy barada [wideo]
Watan goragy mukaddesdir
Waançylyk terbiýänip wagyzçysy
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok