“Biznes Reklama” gazetiniň 2020-nji ýylyň 7-nji sentýabryndaky sanynyň 5-nji sahypasynda bu gazetiň habarçysy Jahantäç Öwezowa “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjylarynyň biri Döwletgeldi Ballyýew bilen hususy kärhananyň täze önümi bolan gawun çipsiler barada söhbetdeş bolupdyrlar. Bizem şol söhbetdeşligi “In.Asgabat” saýtynyň okyjylaryna ýetirmekligi makul bildik.
— Döwletgeldi aga, täze önümçiligiňiz şowly bolsun! Dogrusy, gawun kaky, toşaby bize öňden mälim. Ýöne siziň ýola goýan gawun çipsileriňiz müşderi üçin täze önüm. Gawundan çipsi öndürmek pikiri nähili döredi?
— Türkmen topragynda ýetişdirilen gawunlara ýurduň içinde bolsun, daşary ýurtlarda bolsun, isleg uly. Bu täze önümimiz — gawundan çipsi öndürmek pikiri öňdenem bardy. Pikirimizi durmuşa geçirip, şeýle önümçiligi ýola goýmagyň mümkindigine göz ýetirdik. Gawuny çipsi görnüşine getirmek üçin 3 ýyl töweregi zähmet çekdik. Sebäbi biziň gawunlarymyzyň tagamy aşa süýji. Çipsi önümçiliginde bolsa süýjülik juda pes bolmaly. Şonuň üçin-de ýerli daýhanlarymyz bilen gawunyň birnäçe görnüşlerini — ispan ýaşyl gawunyny, amerikan kantalupa gawunyny hem-de ýerli waharman, gülaby gawunlaryny injir we kädi bilen tozanlandyryp, müşderilerimiziň islegini kanagatlandyrar ýaly şekerliligini peseltdik, şeýle-de reňkiniň özüneçekijiligini gazandyk. Netijede, niderland hünärmenleri, şeýle hem öz ýerli babadaýhanlarymyz bilen bilelikde müşderilerimiziň ösen islegini kanagatlandyrjak tagama eýe bolan tebigy gawun çipsisiniň tehnologiýasyny işläp taýýarladyk. Synag işleri Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda Ýunus Abdyllaýew, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Arslan Nurgeldiýew, Kaka etrabynda Batyr Nizameddinow dagynyň ekin meýdanlarynda geçirildi.

— Täze önüm müşderilerde nähili täsir galdyrdy?
— Gawun çipsilerimiz içerki hem-de daşarky bazarlarymyzda uly gyzyklanma döretdi. Aýratyn-da, Ýewropa ýurtlarynda. Önümçiligi doly ýola goýanymyzdan soňra Germaniýa, Awstriýa, Fransiýa ýaly ýurtlara eksport işini guramagy meýilleşdirýäris.
— Döwletgeldi aga, geljekki maksatlaryňyz dogrusynda-da durup geçäýseňiz.
— Esasy maksadymyz, işimiziň gerimini has-da giňeltmek. Aslynda, ýola goýan çipsi önümçiligimiz hem bize täze başlangyç diýseňem boljak. Geljekde gawunyň paçagyndan hem-de çigidinden gawun uny bilen süýdüni almagy meýilleşdirýäris. Häzirki wagtda degişli hünärmenlerimiz bilen bu önümçiligiň üstünde hem birnäçe işleri alyp barýarys. Maksadymyz ýerine gowuşsa, gawun uny doňdurma hem-de çagalara niýetlenen ýogurt önümçiliginde çig mal bolup hyzmat eder. Gawun süýdüniň bolsa dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesini öwrenýän hünärmenler tarapyndan sowuklama üçin peýdaly taraplary subut edildi.
Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň biz — telekeçiler üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze önümlerimiz bilen halkymyzy begendirip durarys.
— Yhlasyňyz myrat tapsyn, alyp barýan bähbitli işleriňizde üstünlik arzuw edýäris. Söhbetdeşlik üçin sag boluň!
Teswirler