PAÝTAGTYMYZYŇ ÝAŞAÝJYLARY WE MYHMANLARY!

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň  8-nji maýyndan, 1-nji Awtokombinat — Howa menzili, 23-nji Parahat — 7 — Gurtly hem-de 38-nji  Awtokombinat — Teke bazar ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

1-nji Awtokombinat — Howa menzili ugry boýunça gatnaýan awtobus Awtokombinat belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly — Ankara köçesi — Oguzhan köçeleri — Türkmenbaşy şaýoly — Atatürk — Oguzhan köçeleri — Garaşsyzlyk — A.Nyýazow şaýollary bilen hereket edip, Howa menzili belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna,  A.Nyýazow  — Garaşsyzlyk şaýollary — Oguzhan köçesi — S.Türkmenbaşy şaýoly — Atatürk — Oguzhan — Ankara köçeleri — A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, Awtokombinat belleniş nokadyna gelýär.

23-nji Parahat — 7 — Gurtly ugry boýunça gatnaýan awtobus Parahat — 7  belleniş nokadyndan ugraýar hem-de 10 ýyl Abadançylyk — Ankara köçeleri — A.Nyýazow şaýoly — Andalyp — Görogly — Taslama köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly bilen hereket edip, Gurtly belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna,  Gurbansoltan eje şaýoly — Taslama — Görogly  — N.Andalyp köçeleri — A.Nyýazow şaýoly — Ankara — Oguzhan — A.Garlyýew köçeleri bilen hereket edip, Parahat — 7  belleniş nokadyna gelýär.

     38-nji Awtokombinat—Teke bazar ugry boýunça gatnaýan awtobus Awtokombinat belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly — Ankara — 10 ýyl Abadançylyk köçeleri — S.Türkmenbaşy şaýoly — Oguzhan  — N.Andalyp — Galkynyş köçeleri — S.Türkmenbaşy — Magtymguly — Bitarap Türkmenistan şaýollary — D.Azady — A.Gowşudow köçeleri bilen hereket edip, Teke bazar belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna,  M.Kaşgary — D.Azady köçeleri — A.Nyýazow şaýoly — Görogly — A.Nowaýy köçeleri — Magtymguly — S.Türkmenbaşy şaýollary — Galkynyş  — N.Andalyp — Oguzhan köçeleri — S.Türkmenbaşy şaýoly — 10 ýyl Abadançylyk — Ankara köçeleri — A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, Awtokombinat belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 28-60-30, 28-60-80.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok