«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna taýýarlyk işleri güýçli depginde dowam edýär. 24–25-nji maý günlerinde geçiriljek bu forum Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralyp, binagärlik, şähergurluşyk, senagat we durnukly ösüş bilen bagly möhüm meseleleri öz içine alar.

Bu halkara çäre döwlet edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, işewür toparlaryň, şeýle hem öňdebaryjy gurluşyk we inženerçilik kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlemegi maksat edinýär. Forum her ýyl täze taslamalaryň hem-de maýa goýum başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Çäräniň esasy wakalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda we «Olimpiýa» myhmanhanasynda geçiriler. Maksatnamada serginiň açylyş dabarasy, ugurdaş sessiýalar, ýokary derejeli tegelek stol duşuşygy hem-de plenar mejlis göz öňünde tutulýar.

Forumyň halkara ähmiýetini ýokarlandyrýan esasy aýratynlyklaryň biri BMG ulgamynyň işjeň gatnaşmagy bolup durýar. Bu çäre durnukly şäher ösüşi boýunça halkara tejribäniň alyşylmagyna, şeýle hem amaly şähergurluşyk çözgütleriniň durmuşa geçirilmegine şert döreder.

Forumyň çäklerinde BMG-niň dürli düzümleriniň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu bolsa çäräniň halkara derejedäki ähmiýetini has-da güýçlendirýär.

Bibinabat NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok