2026-njy ýylyň 20–22-nji aprelinde Daşkent şäherinde geçirilen «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly 6-njy halkara senagat sergisine Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary B. Tatowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýty habar berýär.
Wekiliýet serginiň dowamynda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we durnukly önümçilik zynjyrlaryny döretmek ýaly möhüm meselelere bagyşlanan plenar hem-de ugurdaş mejlislere gatnaşdy.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň senagat ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşyp, onuň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, bilelikdäki senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Mekan KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler