27-nji aprelde Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki ilkinji forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Bu forum YHG-a agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Forumyň baş maksady – sebit aýratynlyklaryna üns bermek bilen, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge degişli tejribeleri alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Gatnaşyjylar ýurtlarynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin bar bolan mümkinçilikler we çözgütler boýunça pikir alyşdylar.
Forumyň jeminde geljekki hyzmatdaşlyga ýol görkeziji resminamanyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär. Bu forumyň Arkadag şäherinde geçirilmegi Türkmenistanyň sebit we halkara durnukly ösüş meselelerindäki ornuny has-da güýçlendirýän möhüm ädim hökmünde görülýär.
Forumyň ýerlikli geçirilmegi üçin Arkadag şäheriniň saýlanyp alynmagynda, onuň 2023-nji ýylda açylmagyndan bäri “ýaşyl” ösüş we durnukly şäher gurluşygynyň ýörelgelerine eýerýändigi aýratyn bellenilýär.
Myrat KAKAJANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler