TTII-de taslamalaryň tanyşdyryş duşuşygy geçirildi

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika instituty (TTII) taslamalaryň tanyşdyryş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda birnäçe täze tehnologiýa we innowasiýa başarnykly taslamalarynyň üstünliklerini paýlaşyldy. Bu taslamalar ulgamyň çylşyrymlylygyny ýönekeýleşdirmäge we tehnologiýalaryň ösüşini ösdürmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň dowamynda taslamalar barada giňişleýin beýan edildi. Muhammetdurdyýew Begenç önümçilik prosesi awtomatlaşdyrmak, Arslan Çaryýew tehniki howpsyzlyk žurnalyny awtomatlaşdyrmak, Jumageldi Serdarow Türkmen dilinde emeli aň bolan çatbot döretmek, Nazym Maksadow howplary hasaplamak we analiz etmek üçin “Threat hasaplaýjy” taslamasyny, Atamyrat Şukurow internet söwdasy üçin Marketplace platformasyny we ERDU taslamasyny tanyşdyrdy. Bu taslamalar tehnologiýalaryň ösüşini we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, bilim we işewürlik ulgamyny täze döwürde ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu taslamalar häzirki zaman tehnologiýalaryny üstünlikli ulanyp, bilim ulgamyny ösdürmäge, howpsuzlygy ýokarlandyrmaga we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda innowasiýa çözgütlerini hödürlemäge gönükdirilendir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok