Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynyň barşynda zähmet rugsadynda döredijilik işleri bilen meşgullanyp, täze kitaby ýazyp tamamlandygyny, oňa «Hakyda göwheri» diýip at goýandygyny habar bermegi ulus-ilimizde şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde ýazyp tamamlan täze kitabynda şöhratly taryhymyz, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy dogrusynda söhbet açylýandygyny eşidip, göwün guşumyz has-da ganatlandy.
Döwrümize mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren watansöýüjilik, mertlik, edermenlik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekde, eziz Diýarymyza, ajaýyp döwrümize, baý taryhymyza, milli mirasymyza bolan söýgini artdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli eserleri gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär. Şeýle bolansoň, ildeşlerimiziň her biri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryny ürç edip okaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýazyp tamamlan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň şol gymmatly hazynanyň — ajaýyp kitaplaryň üstüni ýetirendigine juda buýsanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň köpçülikleýin neşir edilip, elimize gowuşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys, ony maňlaýymyza sylmaga howlugýarys. Baý many-mazmunly kitaplaryny yzygiderli sowgat edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Jeren ABDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler