Ynamly gadam – ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn täze rowaçlyklara beslenýän düýpli özgertmeler bu gün ýokary zähmet galkynyşyny döredýär. Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek maksady bilen, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze 200 sany ýolagçy awtobusyny hem sowgat hökmünde gowşuryldy.

Energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ibermek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Arkadagymyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda başyny başlan tutumly işleri häzirki döwürde giň gerimde dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar.. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna görä pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi hem elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegine uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly üns berilýär. Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek işler alnyp baryldy. Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda amala aşyryldy. Taslamanyň ikinji tapgyry, ýagny Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu taslamanyň üçünji tapgyry bolan Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berildi. Bu tapgyrda her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri hem guruldy.

Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr. Taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Daşoguz welaýatynyň çäklerinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilen. Ýerine ýetirilýän işler halkyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläkde hasda gowulanmagyna ýardam edýär.

Serdar ARBAPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok