Magtymgulynyň şygyrlarynda halypa – şägirtlik ýoly hakynda

Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen durmuşynyň köp taraplary giňden suratlandyrylýar. Dana Pyragy we onuň şygyrlary hakynda söhbet edilende: “Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok” diýýärler. Bu sözler ýöne ýere aýdylan bir söz bolman, hakykat bolup janlanýar. Magtymguly Pyragy öz ýaşan döwrüniň sesine ses goşup, ähli meselelere ýüzlenýär. Onuň şygyrlary diňe bir öz ýaşan zamanasynda meşhur bolman, eýsem häzirki günde hem dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Pyragyny dünýä döwletleriniň hersi öz şahyry hasaplaýar. Munuň sebäbi hem onuň şygyrlarynyň ähli halka mahsus, dünýä jemgyýetçiliginde giňden orun alanlygynda bolsa gerek.

Halypa – şägirtlik ýörelgesi Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Şu ýerde bir zady bellesem, Magtymguly halypa- şägirtlik temasyna ýüzlense hem şygyrlarynda “halypa” sözüni ulanmaýar. Ol “halypa” sözüne derek “kämil, ussat, är”ýaly sözleri ulanypdyr.

Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgylarynyň dürli dillere terjime edilip, halk köpçüligi, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan söýlüp okalmagy akyldar şahyryň umumyhalky şahyrdygyny subut edýär. 2024-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip atlandyrmak hem-de “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” mynasybetli ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Biz hem öz gezegimizde akyldar şahyrymyzyň hatyrasyna, 300 ýyllyk şanly toýuna sowgat hökmünde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

Gylyçmyrat DÖWLETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok