«Hemdem haly» haryt nyşany «Handmade Exports 2022» maslahatyna gatnaşdy

«Hemdem haly» haryt nyşanly türkmen el halylary «Handmade Exports 2022» maslahatyna gatnaşdy.

Aşgabat şäheriniň “Sport” myhmanhanasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň guramagynda “Handmade Exports 2022” halkara gibrid çäresi gecirildi. Sergä ýurduň el işleri biznesini amala aşyrýan telekeçiler bilen ABŞ, Fransiýa, Gruziýa ýaly ýurtlaryň bilermenleriň gatnaşmagynda pikir alyşma maslahaty geçirildi.

Duşuşykda el işleriniň dünýä bazaryna çykarylmagy bilen baglanşykly tejribe paýlaşyldy.

Maşgala telekeçiliginde 30 ýyllyk bazar tejribesiniň önümi bolan “Hemdem haly” haryt nyşany hem bu çärä işjeň gatnaşdy. Haryt nyşanyň esaslandyryjysy telekeçi Arslan Hudaýberdiýew: “Häzirki geçirilýän Handmade Exports’2022 çäresi öz miwesini berýär. Bu meýdançanyň kömegi bilen biziň biznesimizde degerli ösüşleri gördük. Türkmen el haly halkara bazarlara çykarmaga mümkinçilik tapdyk,” diýip beýan edýär.

Belläp geçsek, 2019-njy ýylda Türkmeniň haly sungaty ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä medeni maddy däl gymatlyklarynyň sanawyna girizildi.

“Hemdem” haly önümçilik birleşigi 30 ýyldan bäri özüniň önümlerini halkymyza hödürleýär. “Hemdem” haryt nyşanly önümlerini meşhur onlaýn söwda platformasy bolan “eBay”-a goşdy.

KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Şeýle-de okaň:
«Hemdem» haly sergä täze önümleri bilen gatnaşdy
“Hemdem” haly önümleri “eBay” platformasyna goşuldy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok