Kompnaiýanyň baş direktory Sergeý Kogogin 2022-nji ýylda elektro awtobuslaryň önümçiligini artdyrjakdyklaryny belläp geçdi. Önümçiligiň we üpjünçiligiň sany bir-bada 450 boljakdygyny mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugynda habar berilýär.
Bu ulaglaryň Moskwada işlemegi göz öňünde tutup öndüriljekdigine garamazdan beýleki şäherlerde – Kazan, Belgorod, Soçi, Sahalin, Sankt-Peterburgda-da uly gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.
Ýatlap geçsek, Türkmenistanda hem bu ulaglaryň üpjünçiligini synag edilýändige türkmen metbugatynda ýer berilipdi.
Kogogin özleriniň önümlerine daşary döwletlerden hem gyzyklanma gelip, esasan-da arap döwletlerinden uly gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdi.
Söýenç BERDIÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby
Teswirler